Dillerde dessan Aşgabat

12 Maý 2021
900

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her bir günümiz şanly senelere, toý-baýramlara, ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen nurana geljege sary alyp barýan ösüşlere beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem gözel Diýarymyzyň owazasyny dünýä ýaýan taryhy wakalara, dabaralara baý ýyllaryň biridir. Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk senesini uly dabara bilen bellemek hakynda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bagtyýar raýatlarymyzyň uly goldawyna we hoşallygyna eýe boldy. Bu şatlykly waka mynasybetli göwünleri ganatlanan bagtyýar raýatlarymyz öz hoşallyklaryny, köňül buýsançlaryny şygyr setirlerinde, makalalarda, çeper eserlerde beýan edýärler. Bu bolsa Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen gözel Diýarymyzda amala aşyrylýan tutumly işleriň, giň gerimli özgertmeleriň hiç kimi biparh goýmaýandygynyň alamatydyr.

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem öz ýürek buýsançlaryny goşgy setirlerinde beýan edip, okyjylarymyz bilen yzygiderli paýlaşyp gelýärler. Gazetiň şu sanynda olaryň ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlap döreden goşgularyny okyjylara ýetirýäris.