Bagtyýarlyga beslenen badalgalar

12 Maý 2021
745

11-nji maýda hormatly Prezidentimiz ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň gözel paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Ozal habar berlişi ýaly, şanly sene mynasybetli maý aýynyň 10 — 25-i aralygynda şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary çykyş etdiler. Şunda döwlet Baştutanymyzyň ekologiýany we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky giň gerimli işleri aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy goramak hem-de bu ugurda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda tebigaty goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan we maslahatlaryndan ugur alnyp, täze desgalar, binalar gurlanda olaryň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyrylýar we agaç nahallary oturdylýar. Täze binalaryň ulanylyş mümkinçiliklerine, ekologiýa we bezeg aýratynlyklaryna uly üns berilýär. Mahlasy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ugurdaky batly badalgalar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bizi ekologiýa abadançylygyna, sagdyn, ruhubelent, eşretli, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşa alyp barýar.

«Esger».