Asylly maksatly iş

12 Maý 2021
843

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, bäş müň ýyllyk taryhy bolan gadymy türkmen halky ähli döwürlerde-de hoşniýetli goňşy, parahatçylyk söýüji we ynsanperwer halk hökmünde tanalypdyr. Olaryň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan meýletinçilik işi hem haýyr-sahawatly işleriň biri hasaplanylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň her bir gatlagyna özüniň kömek-goldawyny ýetirmek isleýän, jemgyýetçilik işlerine hemişe işjeň gatnaşýan öz islegli, hemaýatkär, perwaýly meýletinçi ýaşlarymyz häzirki wagtda özleriniň ynsanperwer ýörelgelere eýerýändikleri bilen ýüreklerde buýsanjy artdyrýar. Ýaşlaryň uýýan bu ýörelgesi öz gözbaşyny hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyndan alyp gaýdýar.

Gahryman Arkadagymyz her bir işde ýaşlara uly görelde bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz tarapyndan goňşy Owganystan döwletine ynsanperwer ýükleri yzygiderli ugradylýar. Bu goňşy ýurtda Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan kaşaň metjidiň hem gurlup, ulanylmaga berlendigini bellemek gerek. 2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda ýaşaýan türkmen doganlarymyz üçin açylyp, ulanylmaga berlen orta mekdepde şol ýerde ýaşaýan türkmen ýaşlary dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän şertlerde döwrebap bilim alýarlar. Bu işler ýurdumyzda ynsanperwer ýörelgeleriň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýär.

Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň welaýat geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.