Ätiýaçlandyryş hyzmatlary kämilleşdirilýär

12 Maý 2021
672

Ata Watanymyz beýik ösüşleriň röwşen ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyz gysga döwrüň içinde ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşuldy.   

Adam durmuşda her hili howplara duçar bolup bilýär. Şikes alynmagy, emlägiň ýitirilmegi, ýol-ulag hadysalaryna duçar bolunmagy ýa-da seresapsyzlyk netijesinde üçünji tarapyň emlägine, saglygyna zeper ýetirilmegi mümkin. Ykdysady ýagdaýda bu töwekgelçiliklerden goranmagyň iň ygtybarly usuly ätiýaçlandyryş hyzmatyndan peýdalanmakdyr.

Ilgeldi ORAZGULYÝEW,
welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş amallary we ykdysady seljeriş bölüminiň başlygy.