Binagärligiň dürdänesi

12 Maý 2021
816

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ak şäherimizi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Ak şäherimizde döredilýän binagärlik dürdäneleri merjen paýtagtymyzyň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Ol binalarda ata Watanymyzda berkarar bolan täze eýýamyň belent ruhy, häzirki döwrüň ýaraşyklylygy we ajaýyplygy öz beýanyny tapýar. Şanly baýramlara barýan günlerimizde hem şeýle binalardyr desgalaryň onlarçasyny açyp, halkyň hyzmatyna bermek meýilleşdirilýär.

Meýlis BERDIGYLYJOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.