Ruhy päkligiň baýramy

12 Maý 2021
757

Dünýä döräli bäri adamzat nesil aladasy bilen ýaşap gelýär. Ol dürli mazmundaky baýramlary, däp-dessurlary, ynam-ynançlary döredýär. Wagt şolary öz eleginde eläp, hiç hili jemgyýetçilik ähmiýeti bolmadyk zatlaryň öňüni bekleýär, ähmiýetlilerini bolsa asyrlardan aşyrýar. Şeýdibem, halklaryň kämil milli mirasy döreýär. Şol miras tebigatyň kanunyna görä çalşyp duran nesiller bilen deň ýaşaýar, olary terbiýeleýär, arassa, ar-namysly, ruhubelent, buýsançly ýaşamaga itergi berýär.

Adamyň akyl käsesi dolanda, ol dünýä bütinleý başgaça seredip ugraýar. Ynsan durmuşyň ýaldyr-ýulduryndan daşlaşýar, duýmaly zatlary ozal duýmandygyna, görmeli zatlary ozal görmändigine ökünýär, adamkärçilige mahsus haýyr işleri etmäge gyssanýar. Ol şeýde-şeýde, özi duýmazdan, barçany ýaradan tebigata golaýlaşýar. Tebigata golaýlaşmak bolsa, özüňi ruhy taýdan has-da kämilleşdirmek diýmek.

Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Balkan».