Täzelikler

12 Maý 2021
651

Welaýatymyzyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň ýaz gyrkymy üstünlikli tamamlandy. Bu möhüm çäräniň jemi boýunça çig malyň 385 tonna golaýy taýýar edildi.

Munuň özi ýaz ýüňüniň 153 tonna golaýynyň meýilnama goşmaça taýýarlanylandygyndan habar berýär. Gyrkyma ýeterlik adam güýjüniň we tehnikanyň çekilmegi hem-de gyrkymçylaryň işiniň sazlaşykly guralmagy ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň 234 müňe golaýy bolup, olar göreldeli bakylýar. Bu bolsa mallaryň sanyny abat saklap, olardan bol önüm almaga amatly şertleri döredýär.
* * *
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda Türkmenabat we Daşoguz şäherlerinde gurulýan «Türkmeniň ak öýi» binalary üçin niýetlenilen umumy meýdany 973 inedördül metr bolan dürli ölçegdäki halylaryň uly toplumy dokalýar.