Ýol hereketiniň sazlaşygy

12 Maý 2021
783

Ekologiýa abadançylygy baradaky alada döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr. Giň gerimli ekologiýa maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, aýratyn-da, dag eteklerinde howa ýagdaýy ep-esli gowulandy. Hormatly Prezidentimiz her ýyl ýaş agaç nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresine badalga berýär. Paýtagtymyzyň töwereklerinde eýýäm «ýaşyl» zolak emele gelip, Aşgabady awtoulaglaryň bölüp çykarýan gazlarynyň, tozanly ýelleriň ýaramaz täsirinden goraýar. Howanyň düzümini gowulandyryp, bioköpdürlüligi gorap saklamaga we köpeltmäge ýardam berýär. Esasan-da milli Liderimiz welosipedli ýörişleri yzygiderli guramak ýaly ajaýyp däpleri ýola goýdy. Şol çärelere ulaglaryň sürüjileri bilen birlikde türkmenistanlylaryň müňlerçesi işjeň gatnaşýar. Bu bolsa ekologiýa ýagdaýyna örän oňyn täsir edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan öňdengörüjilikli hem-de ylmy esaslanmalara daýanýan parasatly döwlet syýasaty netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna degişli ulag serişdeleriniň bolmagy bolsa olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanýandygynyň beýanydyr. Bu bolsa ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygara berk eýerýän Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek baradaky talaby has-da ýokarlandyrýar. Ak ýollarymyzyň asudalygy, sürüjileriň hem-de ýolagçylaryň ýol hereketiniň talaplaryny berk berjaý etmegi baradaky aladalar bu gullugyň ýerine ýetirýän esasy wezipesidir.

Yhlasmyrat BEGMYRADOW,
polisiýanyň leýtenanty.