Aşgabat — ajap aýdym

12 Maý 2021
657

Biz ýurdumyzyň ýüregi hasaplanylýan gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň çawynyň dünýä dolup, bu şanly baýramçylygyň dabaralarynyň barha belende galýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň ýene-de bir ajaýyp sowgadyny — «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabyny ýüzümize sylyp garşyladyk. Merjen paýtagtymyz Aşgabat baradaky täze eseriň elimize gowuşmagy biziň her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgatdyr. Milli Liderimiziň halkymyzyň şöhratly taryhynyň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasyny — milli gymmatlyklarymyzyň şanly baýramlaryny özüniň Şadiwanlary bilen dabaralandyrmasy indi ajaýyp däbe öwrüldi diýsek hem ýalňyş bolmasa gerek. Munuň şeýledigine eziz Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyz, Bitaraplygymyz, ajaýyp ahalteke bedewlerimiz, türkmen alabaýy we medeni gymmatlyklarymyz baradaky ajaýyp eserleri anyk subutnamadyr.

Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze eseri hem paýtagtymyzyň Watanymyzyň ýüregi hökmündäki gymmatlygyny, onuň baý we şöhratly taryhyny, gaýtalanmaýan we gözellik nusgasy bolan şähergurluşyk maksatnamasyny açyp görkezýär. Ol alty bölümden ybarat bolup, ak mermere beslenen bu aşyklar şäheriniň dünýäni aňk eden özboluşly gözelligi we ajaýyp ymaratlarydyr binalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna on bir gezek girizilendigi bilen her bir türkmenistanlynyň begenç-buýsanjyny goşalandyrýar. Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze eseriniň many-mazmuny, gymmatlyk ýaýrawy islendik okyjyny özüne çekýär. Ol gözel Aşgabat hakyndaky ajaýyp aýdymdyr. Ol tutuş türkmen il-ulsunyň ykbalynyň bir supranyň başyna jemlenen mukaddesligi hökmündäki gymmatlykdyr. Aslyýetinde-de tutuş dünýä ýüzi Aşgabat diýlende, Türkmenistany, Türkmenistan diýlende hem gözel Aşgabadymyzy göz öňüne getirýär. Ol hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ýüregi hasaplanylýan bu şähere bolan söýgüsiniň we şähergurluşyk ussatlygynyň netijesinde şeýle belent derejä göterildi. Şol belent dereje bolsa täze eserde giňden açylyp görkezilýär. Eziz Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun! Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris.

Nargül JORAÝEWA,
Dänew etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň müdiri, zenanlar guramasynyň başlygy.