Şu gün – Oraza baýramy

12 Maý 2021
836

YNSANPERWERLIGIŇ HEM-DE HOŞNIÝETLILIGIŇ BELENT ÝÖRELGESI

Ahlak tämizliginiň we ruhy kämilligiň belent sütüni bolan mukaddes Oraza baýramynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly seneleriň — gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýlarynyň dabaralary bilen utgaşmagy halkymyzda aýratyn guwanç hem buýsanç duýgularyny döredýär. Mukaddes Remezan aýynyň dowamynda halkymyz agyz beklemek dessuryny ýerine ýetirip, tarawa namazlaryny okap, agzaçar sadakalaryny berip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy sazlaşykly hem yzygider ösdürýän, halkymyzyň abadançylyk derejesini üpjün etjek beýik işleri durmuşa geçirýän, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimiziň sahawatly hem sogaply işleriniň elmydama rowaç bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

«Daşoguz habarlary».