Älemgoşar öwüşginli paýtagtym

12 Maý 2021
782

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaňy-ýakynda çapdan çykan «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby şanly seneleriň öňüsyrasynda halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Täze eserde paýtagtymyzyň ösüşiniň beýleki ulgamlary bilen birlikde, ýurdumyzyň baş şäheriniň ygtybarly energiýa üpjünçiligi barada hem giňişleýin gürrüň berilýär. Kitapda ak mermerli Aşgabadyň şaýollarynyň, seýilgähleriniň we beýleki ýerleriniň yşyklandyrylyşy, baş şäherimiziň gijelerine dürli reňklerde öwüşgin atyşy barada ussatlyk bilen beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat diňe bir ýurdumyzyň syýasy, intellektual, ylmy we medeni merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, möhüm innowasion senagat toplumyny özünde jemleýän häzirki zaman şäherine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň köp pudaklary bu toplumyň ösüşine baglydyr. Şoňa görä-de, paýtagtymyzyň senagat-ykdysady kuwwatyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän inžener-tehniki düzümini döretmek we Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek meseleleri hemişe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar.

Jumanazar GARAJAÝEW,
«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy.