Goşa baýramyň şanyna

12 Maý 2021
821

Diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan şanly senelere — Aşgabat şäheriniň gününe hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna sanlyja günler galdy. Şu mynasybetli ak mermerli şäherimizde giň gerimli abadanlaşdyrylyş we arassaçylyk işleri bilen birlikde, möhüm ähmiýetli baýramçylyk dabaralary hem ýaýbaňlandyryldy.

Şu günler amala aşyrylýan işler täze taryhy eýýamda ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär. Şähergurluşygynda, binagärlikde we täze binalaryň bezeginde öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmagy hem-de gurulýan binalara milli binagärlik sungatynyň dürdäneleriniň siňdirilmegi esasynda paýtagtymyz has-da gözelleşip, gaýtalanmajak ajaýyp keşbe eýe bolýar.

Ýörite habarçymyz.