"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylym-bilim — ösüşleriň ganaty

Her ýylda däp bolup gelşi ýaly, ertir ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden belleniler. Sahawatly güýzüň ilkinji gününde Diýarymyzyň bilim ojaklarynda täze, 2023 — 2024-nji okuw ýyly hem badalga alar. Şu mynasybetli guraljak toý-dabaralar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly seneleriniň üstüni ýetirer. Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde-de täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görüldi. Oba-şäherlerimizdäki orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 388-sinde abatlaýyş-rejeleýiş işleri geçirildi. Taýýarlygyň çäklerinde bilim ojaklaryndaky ders we synp otaglary abatlanyldy, yşyklandyryş ulgamy gözden geçirildi, sport meýdançalarynyň, ýanýodalaryň asfalt örtügi çalşyryldy. Mekdep kitaphanalary täze okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün edildi. Mahlasy, welaýatymyzyň ähli bilim ojaklary ertir badalga aljak täze okuw ýylyna doly taýýarlanyldy.

Bilim ojaklary barada

Ginnesiň rekordlar kitabyna giren dünýäniň iň uly orta mekdebi Hindistanyň Lakhnau şäherindäki «Montessori» mekdebidir. Onda 2 müň 500 mugallym bilim berýär, 39 müň 437 okuwçy hem bilim alýar. *  *  *

Lagym suwlaryny arassalamakda täze usul

Soňky ýyllarda ykdysadyýetiň beýleki ugurlary bilen bir hatarda senagat ulgamy-da çalt depginde ösýär. Pudaga elektroenergetika, nebitgaz, nebiti gaýtadan işlemek, himiýa we nebithimiýa, dokma, azyk senagatlary, maşyn gurluşygy, metal işläp bejermek, gurluşyk materiallary ýaly kärhanalar wekilçilik edýärler. Işe täzeçil çemeleşiş pudagyň gaýtadan işlemek kuwwatynyň ýylsaýyn artmagyna getirýär. Muňa 2022-nji ýylda jemi içerki önümiň düzümindäki pudagyň paýynyň 33,8 göterime çenli ýokarlanmagy-da şaýatlyk edýär.

Söz manysyn aňar bolsaň...

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň «Jem bolup» goşgusynda: Tapabilseň hakykatyň merdini,Çeşmiňe totuýa kylgyl gerdini...

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmäge, ähli ulgamlarda amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem giňden ykrar edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu habar diňe bir ýaşlarda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli raýatlarynda uly şatlyk we buýsanç duýgusyny döretdi. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo öz hatynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň (GYС) resmi agzasy bolup durýandygyny uly şatlyk bilen habar berdi.

Ähli döwürleriň gymmatly baýlygy

Ähli döwürlerde-de ornuny hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan gymmatlyklaryň hatarynda mynasyp orun alan kitaba halkymyz hemişe uly baýlyk hökmünde garapdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halk döredijilik eserleriniň we nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleriniň gaýtadan neşir edilmegi hem şol garaýyşdan ugur alýar. Ajaýyp zamanamyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitap okamaga bolan höwesi barha artýar. Olar, esasanam, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri, milli mirasymyza degişli kitaplary we çeper edebiýatlary uly gyzyklanma bilen okaýarlar. Şol kitaplarda halkymyzyň dünýä nusgalyk ýol-ýörelgeleri baradaky oý-pikirler çuňňur beýan edilip, şol ýol-ýörelgeleriň ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde eýeleýän orny juda ýokarydyr.

Bedeneleriň ösüşine seolitiň täsiri

Ete ýöriteleşdirilen öý guşlaryny gysga möhletde azyklyk önüm üçin ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, olaryň biologiýasynyň aýratynlyklaryny peýdaly ulanmak we ýerli ot-iýmler hem-de mineral goşundylar bilen iýmitlendirmek arkaly ösüşini, önümliligini öwrenmegiň önümçilik we ylmy ähmiýeti ýokarydyr. Şeýle öý guşlarynyň hataryna bedeneler hem goşulýar. Bedeneleriň içgeçme kesellerini bejermekde, madda çalşygynyň kadaly bolmagyny gazanmakda, önümliligini ýokarlandyrmakda mineral iým goşundysy hökmünde tebigy seolit giňden ulanylýar. Ol bedeneleriň sagdyn nesil öndürijiligini artdyrmaga, ýelekleriniň tebigy öwüşginliligini saklamaga, beden kuwwatlylygyny ýokarlandyrmaga, sagdyn ösüşini hem-de kesellere garşy durnuklylygyny dikeltmäge kömek edýär. Tebigy seolit ýurdumyzyň günorta-gündogar sebiti bolan Bathyz goraghanasynyň çäklerinde duş gelýär. Ol owuntyk daş görnüşinde bolup, iýmite garmak üçin senagat taýdan gaýtadan işlenilip, un görnüşine getirilýär. Tebigy seolit mineral maddalara örän baý bolup, onuň düzüminde kalsiý, kaliý, magniý, kükürt, demir, sink, marganes, alýuminiý ýaly elementler bar.

Barlaglar önümçilikde beýanyny tapýarlar

Ýurdumyzyň esasy ykdysady sütünleriniň biri bolup durýan nebitgaz pudagynyň ähli ugurlaryny häzirki döwre laýyklykda netijeli çözmek üçin, ilki bilen, barlaglara içgin we yzygiderli üns berilýär. Bu babatda türkmen topragynyň baýlyklaryny, esasan-da, nebitdir gazyň çykarylyşyny netijeli we rejeli peýdalanmakda ylmy-barlag işlerini geçirmäge gönükdirilen syýasat möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegine ýardam edýär. Nebitli guýularyň, gatlaklaryň ilkinji özleşdirilen gününden başlap, işlenip geçmegiň tä soňky tapgyryna çenli nebit çykarylyşynda alnan maglumatlary we gatlaklaryň çäginde bolup geçýän prosesleri öwrenmegiň, seljermegiň hem-de sazlamagyň jogapkärli wezipesi — bu olarda döwrebap barlag işleriniň geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygy alymlaryň, hünärmenleriň, barlaýjylaryň üns merkezinden düşmän gelýänligidir. Has takygy, önümçilikde täze kabul edilen we ulanyşdaky her bir guýynyň önüminiň artdyrylmagy, hiliniň gowulandyrylmagy, önümli gatlaklaryň fiziki-himiki häsiýetleriniň, basyşlarynyň ylmy taýdan öwrenilmegi üçin barlag geçirilmeli guýularyň meýilnamasy düzülende anyk hem-de doly görkezilýär.

Nebitgazly ýataklarda ýokary tehnologik seýsmobarlaglar nebitiň çykarylyşyny artdyrar

Diýarymyzda nebitiň, gazyň çykarylyşynyň, gaýtadan işlenilişiniň möçberlerini artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak bellenilýär. Onda täze nebitgaz ýataklaryny tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg (geofizika we çuň buraw) işleriň depgininiň has-da çaltlandyrylmagy, aýratyn hem, nebitiň ýataklaryny gözläp tapmak, barlamak, gorlarynyň artdyrylmagy nebitgaz pudagynyň öňünde goýulýan möhüm wezipeleriň hatarynda seredilýär. Munuň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan öňe sürlüp, kabul edilen döwlet we Prezident Maksatnamalaryndaky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatynyň barha artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagynda gerekli çig mal binýadyny üpjün etmekde geologiýa-gözleg işleriniň kesgitlenen depginlerde geçirilmegini göz öňünde tutýar. Türkmenistanda, esasan, nebitli hasaplanylýan Günorta Hazar nebitgazly basseýnde uzak ýyllaryň dowamynda sebitleýin nebitgazly, ýokary derejedäki barlanan orta pliosen çökündileriniň gyzylreňkli gatlanmalary bilen bir hatarda, onuň astyny düşeýän miosen we ondan hem gadymy mezozoý çökündilerine-de belli bir derejede seýsmobarlag we burawlaýyş işlerini alyp barmaklyk geçirilen. Hakykatynda, olardan, esasan, sebitleýin nebitgazly bolan o

Nebit we gaz pudagynda köpürjikli erginleriň ulanylyşy

Nebit we gaz ýataklarynda bolup geçýän ýaramaz hadysalaryň öňüni almak üçin çylşyrymly düzümli erginler döredilýär. Köp ýyllaryň dowamynda nebit we gaz känleriniň guýularynda daşary ýurtlarda geçirilen senagat işleri köpürjikli erginleriň ýokary netijeliligini subut etdi. Ilkinji gezek köpürjikli erginler 1962-nji ýylda ABŞ-nyň Newada ştatynda 1630 mm diametrli guýy burawlananda ulanyldy. Häzirki wagtda köpürjikli erginler guýular burawlananda we özleşdirilende ABŞ, Kanada, Oman, Liwiýa we Eýran ýaly daşary ýurtlarda netijeli ulanylýar. Şeýle-de ýeňilleşdirilen köpürjikli erginler Günorta-Gündogar Türkmenistanyň ulanyşyň ahyrky tapgyrynda işlenip geçilýän gaz känlerini özleşdirmek üçin ulanylýar.

Kuwwatly ýurduň daýanjy

Eziz Diýarymyz — bagtyýar çagalygyň ýurdy. Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň abadan we rahat durmuşy, ýaş nesillerimiziň nurana geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň aladalary bilen, bilim-terbiýe bermegiň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap çagalar baglarydyr mekdepler gurlup, ulanylmaga berilýär. Ozalky bar bolanlaryň durky düýpli täzelenip, olarda döwrebap multimediýa we interaktiw enjamlar oturdylýar, internet ulgamyna elýeterlilik üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösüp-ulalmaklary üçin döredip berýän amatlyklary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan ýaşlaryň jany sagat, bedeni berk, ruhy hem belent bolýar.

Suw serişdelerini rejeli ulanmak — döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, suw üpjünçiligine hem ägirt uly üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň 28-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabat şäheriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, hereket edýän suw desgalaryny abadanlaşdyrmak we beýleki çäreler barada öňde goýlan wezipeler doly şaýatlyk edýär. Şeýle hem suw meselesi 4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn sammitde ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar suw-energetika serişdelerini toplumlaýyn hem-de aýawly peýdalanmak boýunça ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda çykyş etdiler. Ylaýta-da, Amyderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň ileri tutulýan ähmiýetini nygtadylar we bu ugurda köp taraply hyzmatdaşlygyň usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Suw — bu tebigatyň bize beren iň gymmatly baýlygy bolmak bilen, şonsuz ýaşaýyş we ösüş ýokdur. Suw serişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak şu günki iň derwaýys meseleleriň biridir. Çünki kadaly suwa bolan isleg dünýäde, has-da yssy we az suwly ýurtlarda barha artýar. Ýer ýüzündäki ähli

Ylym we oba hojalygy

Arkadagly Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde ýaş nesil ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşandyny goşýar. Milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan oba hojalygynda hem ýaşlar uly höwes bilen zähmet çekýärler. Ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler kemala gelýär. Bu ýerde berilýän bilimiň hili döwrüň öňdebaryjy tejribeleri esasynda kämilleşdirilýär. Talyplar daşary ýurt döwletlerinde hünär tejribeliklerinde bolup, önümçiligiň innowasion ulgamyny, döwrebap tehnologiýalara erk etmegi çuňňur öwrenýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň maý aýynda Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk institutynda talyp ýaşlar bilen duşuşmagy ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ýaş talyplara halkymyzyň köpasyrlyk daýhançylyk däplerini ösen tehnologiýalar bilen utgaşykly öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda nesihatlaryny, öwüt-ündewlerini berdi. Munuň özi talyplar üçin gymmatly gollanmadyr.

Binagärligiň täze nusgasy

Mälim bolşy  ýaly, şu ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alan ýerinde gurlan bu şäher kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe boldy. Bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina bolan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Uly arzuwlary, beýik maksatlary bir ýere jemlän «akylly» şäherde şol gün «akylly» öý tehnologiýalary ornaşdyrylyp gurlan döwrebap 5, 7, 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler we durmuş ähmiýetli onlarça edara binalary ulanylmaga berildi. Şol gün Arkadag şäheriniň Adalat müdirliginiň binasy hem açyldy. Arkadag şäheriniň Adalat müdirliginiň edara binasynyň açylmagy Türkmenistanyň adalat edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

YLYM — KÄMILLIK ÝOLY

Ýurdumyzda geljegi uly ylmy barlaglaryň, tejribe synaglarynyň we tehnologik işläp taýýarlamalaryň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegi ýyl ýyldan ajaýyp miwelerini berýär. Ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek, olary toplumlaýyn esasda geçirip, netijelerini önümçilige ornaşdyrmak hemde jemgyýetimiziň, döwletimiziň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirmek üçin zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olary täze maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak, ählumumy internet ulgamy we elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumat giňişliginiň elýeterliligini üpjün etmek boýunça uly ähmiýetli işler alnyp barylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Ylymlar güni meniň durmuşymda ýatdan çykmajak iň süýji pursatlara beslendi. Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşyp, birinji orna mynasyp bolmak, Şa serpaýyny almak bagty maňada miýesser etdi. Her bir şatlykly pursat hakydamyzda ýakymly ýatlamalar, kalbymyzda ajaýyp duýgular bolup orun alýar. Şa serpaýyny almak bagty bolsa ynsanyň ömür boýy durmuş ýoluna nur çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň sowgatlaryna mynasyp bolmagymyz biz — ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr. Bu bagty ganatly guş bolup çar ýana buşlasyň gelýär. Ylym ýolumyzy ýagty

Ýeňişler gutly bolsun!

Ylym-bilim jemgyýetimiziň ösüşine itergi berýän güýçdür. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, kämil düşünjeli, watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlarymyzyň täze ylmy açyşlary, täze ýeňişleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Olaryň ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny, bilim derejelerini görkezip, ýokary netijeleri gazanmaklary has-da buýsandyryjydyr. Bu bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ylym-bilime teşne, sowatly hem höwesli ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri ata Watanymyzyň buýsanjydyr. Himiýa dersi boýunça halkara olimpiadalara yzygiderli gatnaşyp, ýeňişli gelýän, şeýle üstünliklerden paýly ýaş himik jigilerimiz bu gezek hem bizi begendirdiler.

Şöhratly taryhyň teşnesi

Halypa alym Almaz Ýazberdiýewiň ömri we döredijiligi hakda söhbet Bilim almak, öwrenmek adam ömrüniň her bir pursadynda-da mümkin. Ýöne çagalykda alnan bilim, ata-babalarymyzyň «daşa ýazylan ýaly» diýen juda jaýdar aýdan pikirini durmuş hakykatyna öwürýär. Kitaphanaçylyk işini ykbala öwren Almaz Ýazberdiýewde bu hünäre söýgi çagalykdan döreýär. Ol okamagy, ýazmagy öz ýaşytdaşlaryndan ir öwrenýär, çeper eserleri-de ir okap başlaýar. Onuň önüp-ösen maşgalasynda kitaba aýratyn sarpa goýlupdyr. Onuň babasy Sary ahunyň ýaşlygy Günbatar Köpetdagda ýerleşýän Çendir sebitlerinde geçipdir we bilimi Hywa medresesinde alypdyr. Soňra bolsa häzirki Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Keýigoý diýen ýerinde medrese açyp, çaga okadypdyr.

Ylmy-tehnologik merkezleriň işi kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym ulgamy ýokary depginde ösdürilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň we Tehnologiýalar merkeziniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de olaryň ýanyndaky ylmy merkezleriň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. 28-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen Ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnamanyň tassyklanylmagy hem bu ugurda möhüm ädim boldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ylmy-tehnologik merkezleri öz işini «Ylmy edaralar hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Kärhanalar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Täjirçilik syry hakynda», «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary hem-de agzalan Düzgünnama esasynda alyp barýar. Düzgünnama laýyklykda, ylmy-tehnologik merkezler täze we ýokary tehnologiýalary döretmegiň hem-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, tehnologiýalara esaslanan geljegi uly önümçilikler babatda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, täjirçiligiň iň amatly özara baglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen döredilýär. Ylmy-tehnologik merkeziň işiniň esasy maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny we möhüm tehnologik ugurlaryny innowasion taýdan ösdürmek, önümçilik, gurluşyk, ulag, oba hojalygy, lu

Dur­nuk­ly ösü­şiň bin­ýat­la­ýyn esas­la­ry

ze­hin­li we ylym­ly ýaş­la­ra da­ýan­ýar Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 14-nji iýu­l­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow ylym-bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­ma­ga köp möç­ber­de se­riş­de goý­ma­gyň do­wam et­di­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Gazçylar möhüm wezipeleri üstünlikli çözýärler

«Mawy ýangyç» bilen içerki sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmekde hem-de türkmen gazyny halkara hil derejesinde daşary bazara çykarmakda esasy wezipäniň «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýerlerdäki edara-kärhanalaryna degişlidigi pudagyň gazçylarynda egsilmez buýsanç duýgularyny döredýär. Bu babatda konserniň «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň işgärleriniň paýyna hem uly jogapkärçilik düşýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen alty aýynda alnyp barlan işler hakynda gazetimiziň ýörite habarçysy Oraznazar HEŞDEKOW müdirligiň önümçilik-tehniki bölüminiň inženeri Ýagşymyrat KULYÝEW bilen duşuşyp, onuň bilen söhbetdeş boldy. Biz taýýarlanylan söhbetdeşligi gazetimiziň okyjylaryna ýetirmekligi makul bildik. — Ýagşymyrat Kulyýewiç, halkymyzyň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagyny gazanmak işi welaýatyň gazçylarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri. Söhbetdeşligimizi müdirligiňiziň gazçylarynyň häzirki döwürde bu ugurda durmuşa geçirýän işleri dogrusyndaky gürrüňden başlasak, ýerlikli bolardy.