Şöhratly taryhyň teşnesi

2 Awgust 2023
1200

Halypa alym Almaz Ýazberdiýewiň ömri we döredijiligi hakda söhbet

Bilim almak, öwrenmek adam ömrüniň her bir pursadynda-da mümkin. Ýöne çagalykda alnan bilim, ata-babalarymyzyň «daşa ýazylan ýaly» diýen juda jaýdar aýdan pikirini durmuş hakykatyna öwürýär. Kitaphanaçylyk işini ykbala öwren Almaz Ýazberdiýewde bu hünäre söýgi çagalykdan döreýär. Ol okamagy, ýazmagy öz ýaşytdaşlaryndan ir öwrenýär, çeper eserleri-de ir okap başlaýar. Onuň önüp-ösen maşgalasynda kitaba aýratyn sarpa goýlupdyr. Onuň babasy Sary ahunyň ýaşlygy Günbatar Köpetdagda ýerleşýän Çendir sebitlerinde geçipdir we bilimi Hywa medresesinde alypdyr. Soňra bolsa häzirki Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Keýigoý diýen ýerinde medrese açyp, çaga okadypdyr.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
«Garagum».
Beýleki habarlar