Kuwwatly ýurduň daýanjy

9 Awgust 2023
1161

Eziz Diýarymyz — bagtyýar çagalygyň ýurdy. Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň abadan we rahat durmuşy, ýaş nesillerimiziň nurana geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň aladalary bilen, bilim-terbiýe bermegiň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap çagalar baglarydyr mekdepler gurlup, ulanylmaga berilýär. Ozalky bar bolanlaryň durky düýpli täzelenip, olarda döwrebap multimediýa we interaktiw enjamlar oturdylýar, internet ulgamyna elýeterlilik üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösüp-ulalmaklary üçin döredip berýän amatlyklary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan ýaşlaryň jany sagat, bedeni berk, ruhy hem belent bolýar.

Ogultagan Täçgulyýewa,
welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe, bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar