Nebitgazly ýataklarda ýokary tehnologik seýsmobarlaglar nebitiň çykarylyşyny artdyrar

14 Awgust 2023
1234

Diýarymyzda nebitiň, gazyň çykarylyşynyň, gaýtadan işlenilişiniň möçberlerini artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak bellenilýär. Onda täze nebitgaz ýataklaryny tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg (geofizika we çuň buraw) işleriň depgininiň has-da çaltlandyrylmagy, aýratyn hem, nebitiň ýataklaryny gözläp tapmak, barlamak, gorlarynyň artdyrylmagy nebitgaz pudagynyň öňünde goýulýan möhüm wezipeleriň hatarynda seredilýär. Munuň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan öňe sürlüp, kabul edilen döwlet we Prezident Maksatnamalaryndaky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatynyň barha artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagynda gerekli çig mal binýadyny üpjün etmekde geologiýa-gözleg işleriniň kesgitlenen depginlerde geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Türkmenistanda, esasan, nebitli hasaplanylýan Günorta Hazar nebitgazly basseýnde uzak ýyllaryň dowamynda sebitleýin nebitgazly, ýokary derejedäki barlanan orta pliosen çökündileriniň gyzylreňkli gatlanmalary bilen bir hatarda, onuň astyny düşeýän miosen we ondan hem gadymy mezozoý çökündilerine-de belli bir derejede seýsmobarlag we burawlaýyş işlerini alyp barmaklyk geçirilen. Hakykatynda, olardan, esasan, sebitleýin nebitgazly bolan orta plioseniň ýokarky gyzylreňk (ÝG) we aşaky gyzylreňk (AG) gatlanmalaryň geofiziki we burawlaýyş taýdan ýokary derejede öwrenilendigi, açylan nebitgazly känleriň bolsa uzak ýyllaryň dowamynda işlenip geçilýändigi sebäpli sebitde nebitiň gorlary geregiçe artmaýar. Has çuňluklardaky ýerleşýän entäk üsti açylmadyk gyzylreňk toplumynyň, mioseniň we geljekli hasaplanylýan mezozoýyň çökündilerinde geçirilýän geologiýa-gözleg işlerinden garaşylýan netijeler häzirlikçe doly derejede alynmaýar. Miosen, mezozoý çökündileriniň çylşyrymly dag-geologik şertlerinde häli-häzirem çözülmän gelýän geotehnologik meseleler bilen baglylykda, olary açan guýular kern, guýy geofiziki we synag işleri bilen ýeterlik derejelerde öwrenilip bilinmän gelýär. Hatda önüm alnan guýulary işledilmäge goýbermekde işleri kynlaşdyrýan çäge çekme hadysasy ýüze çykýar.

Kuwwatmyrat HALYLOW,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geologiki maglumatlary merkeziniň başlygy.
Beýleki habarlar