YLYM — KÄMILLIK ÝOLY

3 Awgust 2023
1189

Ýurdumyzda geljegi uly ylmy barlaglaryň, tejribe synaglarynyň we tehnologik işläp taýýarlamalaryň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegi ýyl ýyldan ajaýyp miwelerini berýär. Ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek, olary toplumlaýyn esasda geçirip, netijelerini önümçilige ornaşdyrmak hemde jemgyýetimiziň, döwletimiziň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirmek üçin zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olary täze maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak, ählumumy internet ulgamy we elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumat giňişliginiň elýeterliligini üpjün etmek boýunça uly ähmiýetli işler alnyp barylýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Ylymlar güni meniň durmuşymda ýatdan çykmajak iň süýji pursatlara beslendi. Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşyp, birinji orna mynasyp bolmak, Şa serpaýyny almak bagty maňada miýesser etdi. Her bir şatlykly pursat hakydamyzda ýakymly ýatlamalar, kalbymyzda ajaýyp duýgular bolup orun alýar. Şa serpaýyny almak bagty bolsa ynsanyň ömür boýy durmuş ýoluna nur çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň sowgatlaryna mynasyp bolmagymyz biz — ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr. Bu bagty ganatly guş bolup çar ýana buşlasyň gelýär. Ylym ýolumyzy ýagtyldyp, bu bagtly pursatlary peşgeş berendikleri üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys. Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagynda: «Aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, täze ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläkde gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda ylmy barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan alnyp barylýan senagat innowasion, maglumat tehnologik barlaglaryň, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň, hünärmenleriň ylmy açyşlarynyň ýurdumyzyň durmuş ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine ýardam berýändigine aýratyn buýsanýarys» diýip belleýär. Bu ganatly sözler başymyzy göge ýetirýär, ylym bilime teşne ýaşlarymyzyň göwnüni galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, olaryň döwletimiziň abraýydygyny, halkymyzyň buýsanjydygyny belleýär. Döwletimiziň ýaş alymlary ylmy işlere hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ylmy ugurlary özleşdirmäge giňden çekmek üçin mundan beýläkde ähli tagallalary etjekdigini nygtaýar. Ýurdumyzda geljegi uly ylmy barlaglaryň, tejribe synaglarynyň we tehnologik işläp taýýarlamalaryň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegi ýyl ýyldan ajaýyp miwelerini berýär. Ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek, olary toplumlaýyn esasda geçirip, netijelerini önümçilige ornaşdyrmak hemde jemgyýetimiziň, döwletimiziň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirmek üçin zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olary täze maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak, ählumumy internet ulgamy we elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumat giňişliginiň elýeterliligini üpjün etmek boýunça uly ähmiýetli işler alnyp barylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň ösdürilmeginiň möhüm ugry hökmünde kesgitlenen sanlylaşdyrmak meseleleriniň oňyn çözülmegine badalga berdi. Ýurdumyzda ýaşlaryň ylmy döredijilik işleri bilen meşgullanmaga gyzyklanmasyny, täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara bolan höwesini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Olaryň arasynda her ýylda ylmy işler boýunça bäsleşigiň geçirilmegi ýurdumyzda indi däbe öwrüldi. Eziz Watanymyzyň röwşen geljegi, döwletimiziň kuwwatly güýji bolan ýaş alymlary ýetişdirmekde bu bäsleşik möhüm ähmiýete eýedir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu bäsleşigiň has-da işjeň häsiýete eýe bolmagynda çuňňur many bar. Sebäbi ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda ýaş alymlary taýýarlamaga we goldamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda okamak, öwrenmek, ylmy gözlegleri alyp barmak üçin giň şertlerdir mümkinçilikler bar. Arkadagly Serdarymyzyň geçen ýyl «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi hem ýaşlary beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ylymda we tehnologiýada goldamakda möhüm ädim boldy. Gahryman Arkadagymyz: «Zähmetsöýerlik biziň döwletliligimiz we bagtyýarlygymyzdyr» diýip belleýär. Ýaşlaryň maksatlarynyň myradyna gowuşýan döwründe Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Ýaşlara döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Serdar DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi.
Beýleki habarlar