Bedeneleriň ösüşine seolitiň täsiri

15 Awgust 2023
1430

Ete ýöriteleşdirilen öý guşlaryny gysga möhletde azyklyk önüm üçin ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, olaryň biologiýasynyň aýratynlyklaryny peýdaly ulanmak we ýerli ot-iýmler hem-de mineral goşundylar bilen iýmitlendirmek arkaly ösüşini, önümliligini öwrenmegiň önümçilik we ylmy ähmiýeti ýokarydyr. Şeýle öý guşlarynyň hataryna bedeneler hem goşulýar. Bedeneleriň içgeçme kesellerini bejermekde, madda çalşygynyň kadaly bolmagyny gazanmakda, önümliligini ýokarlandyrmakda mineral iým goşundysy hökmünde tebigy seolit giňden ulanylýar. Ol bedeneleriň sagdyn nesil öndürijiligini artdyrmaga, ýelekleriniň tebigy öwüşginliligini saklamaga, beden kuwwatlylygyny ýokarlandyrmaga, sagdyn ösüşini hem-de kesellere garşy durnuklylygyny dikeltmäge kömek edýär.

Tebigy seolit ýurdumyzyň günorta-gündogar sebiti bolan Bathyz goraghanasynyň çäklerinde duş gelýär. Ol owuntyk daş görnüşinde bolup, iýmite garmak üçin senagat taýdan gaýtadan işlenilip, un görnüşine getirilýär. Tebigy seolit mineral maddalara örän baý bolup, onuň düzüminde kalsiý, kaliý, magniý, kükürt, demir, sink, marganes, alýuminiý ýaly elementler bar.

Maýagül KÖMEKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar