Ylmy-tehnologik merkezleriň işi kämilleşdirilýär

31 Iýul 2023
1242

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym ulgamy ýokary depginde ösdürilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň we Tehnologiýalar merkeziniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de olaryň ýanyndaky ylmy merkezleriň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. 28-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen Ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnamanyň tassyklanylmagy hem bu ugurda möhüm ädim boldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ylmy-tehnologik merkezleri öz işini «Ylmy edaralar hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Kärhanalar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Täjirçilik syry hakynda», «Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary hem-de agzalan Düzgünnama esasynda alyp barýar. Düzgünnama laýyklykda, ylmy-tehnologik merkezler täze we ýokary tehnologiýalary döretmegiň hem-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, tehnologiýalara esaslanan geljegi uly önümçilikler babatda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, täjirçiligiň iň amatly özara baglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen döredilýär. Ylmy-tehnologik merkeziň işiniň esasy maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny we möhüm tehnologik ugurlaryny innowasion taýdan ösdürmek, önümçilik, gurluşyk, ulag, oba hojalygy, lukmançylyk we beýleki pudaklarda önümleri işlemek, gaýtadan işlemek usullaryny kadalaşdyrýan usullary ösdürmek, durmuşa geçirmek we kämilleşdirmek bilen baglanyşykly ylmy taslamalary ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

Durdymyrat GADAMOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktory, himiýa ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar