"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Medeni habarlar

Halypa nakgaşlaryň sergisi

«Zähmet kämillige tarap ýoldur»

Gadyrly çagalar, hemmämiziň bilşimiz ýaly, maý aýynyň 17-sine paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Beýikligi 60 metr bolan bu heýkel häzirki güne çenli Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirmekde, heýkellerini döretmekde edilen işleriň iň bir uly göwrümlisidir. Şu nukdaýnazardan döredijilik toparymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly göwrümli ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumynda oturdylan 24 sany heýkelleri ýasan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen söhbetdeşlik taýýarlap, ony ýaşajyk okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Saragt aga, ýaşajyk okyjylarymyzy siziň çagalygyňyz gyzyklandyrýar. Söhbedimizi şol hakyndaky gürrüňleriňiz bilen başlaýsak!

Sungatyň hem sözüň baýramy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadag şäherinde ýokary derejede dabaralanan Medeniýet hepdeliginde sözüň, sazyň, ussatlygyň güýji belende galdy. Şahyrlaryň süýjüden-süýji goşgulary, ýazyjylaryň çeper söze siňen kyssalary, zergärleriň sünnälige beslenen şaý-sepleri, on barmagyň hünärinden kemal tapan keşdelerdir halylar, dutardyr gyjaklardan syzylyp çykan mukamlar... ýakymy, şirinligi, gözelligi bilen göwünleri çoýdy, ýürekleri has-da ýakynlaşdyrdy, hakydalary bezedi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde myhmanlara Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Älem nury» atly sahna oýnunyň we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Magtymguly» operasynyň görkezilmegi has ir döwürlerde dörän teatr sungatynda kalplara ýakym çaýýan milli ruhuň kemala gelendigini aýan etdi.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Mähriban çagalar, ýakynda «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, beýik şahyryň ömri we döredijiligini giňden öwrenmek, wagyz etmek maksady bilen yglan eden bäsleşikleriniň jemlenendiginden habarlysyňyz. Mekdep okuwçylarymyz «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy», şeýle-de «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» atly bäsleşiklerde surat çekmek boýunça hem öz başarnyklaryny görkezdiler. Bu bäsleşiklerde ýeňiji bolan çagalaryň çeken suratlaryny size hödürleýäris.

Inçe senetden beýik sungata çenli

Ýurdumyzda medeniýet işgärleriniň hünär baýramynyň uludan toýlanýan günlerinde paýtagtymyzyň iň owadan ýerleriniň birinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyny synlap oturyşyma, juwan ýaşlygyň süýji günlerine dolaýan bu ýatlama hakydama şol günki ajaýyplygy bilen doldy. Elbetde, ondan öň hem çykyşlar bolandyr. Ýöne men ony, ol gün ilkinji gezek mawy ekranda synlap, ünsüm düşen pursadym edil şu günki ýaly bolup gözümiň öňüne gelýär. Syrdam syratly, ak ýüzli, maral gözli, şirin owazly gyz ol gün serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň «Men senden özgäni söwer ýar etmen» diýen aýdymyny ýerine ýetiripdi. Başy gültahýaly, şamar gara saçy iki örülip öňüne sallanan gyzyň mahmal owazy, şirin labzy bada-bat ünsümi özüne çekipdi. Çaga-da bolsam, şol wagtky türkmen estradasyna «täze gelen nowgülüň» howalasynyň üýtgeşijek täsirini duýanym häzirki ýaly ýadymda. Il-gün edil terezi mysaly. Ussatlyk derejäňe derrew baha berýär. Şol üýtgeşikligem, köplerden saýlanmaklygam ussat halypany şeýle derejeli günlere ýetirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ruhubelent şygarly ýylda şunuň ýaly ajaýyp sungat ojagynyň bina edilmegi milli medeniýetiň ösüşiň möhüm ugry hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. «Dokmaçylar» medeni merkeziniň ýurdumyzda gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylan medeniýet we sungat edaralarynyň üstün

«Kompozitoryň» ýaşajyk artistleri

Saz ynsanyň kalbyny heýjana getirýär. Saz ynsanyň ruhy dünýäsine gözellik çaýýar. Ezelden adam jana gelende hem sazyň şirin owazynyň üsti bilen gelendir. Şonuň üçin saz gudratly sungat hasaplanýar. Ol ynsany hemişe özüne bendi edýär, duýgulandyrýar, şatlandyrýar, begendirýär. Şeýle gudratly sungat hakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Kompozitor» atly filmi surata düşürdi. Filmde hassanyň sazyň owazyna agyr keselden aýňalşy, sazyň gudratly täsiri giňden beýan edilýär. Onda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň we Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary surata düşdüler. Şol okuwçylaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Käbe Mämiýewa we Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Resul Derýaýew esasy keşpleri janlandyrdylar. Ýaş, zehinli fortepianoçy okuwçylar öz artistlik ukyp-başarnyklary bilen tomaşaçylarda ýakymly duýgy döretmegi başardylar. Resul Derýaýew filmiň baş gahrymany, kompozitor Merdanyň çagalygyny janlandyrsa, Käbe Mämiýewa Merdanyň gyzy Dilşadyň keşbinde oýnady. Bu bolsa saz

Ussatlaryň mekany

Şu ýylyň 4-nji iýulynda Milli Liderimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary wagtynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy iki dostlukly döwletleriň ähli ugurlar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň hem çuň mazmun bilen baýlaşýandygyny aýan etdi. Hormatly Prezidentimiz döwrüň ýeten derejesini belentden wasp etmekde, il-günümizi täze üstünliklere ruhlandyrmakda, medeniýetiň we sungatyň has-da kämilleşmegini, täze derejelere göterilmegini üpjün etmekde ulgamyň işgärleriniň ilhalar, ruhubelent eserleri döretmekleri, hyjuwly işlemekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.

Körpe külalçy

Tüýs «Ata kesbi — ogla halal» diýleni-dä. Ol heniz on dört ýaşyndadygyna garamazdan, atasy Jumabaý aganyň ýedi arka dowam edip gelýän küýzegärçilik kesbine imrindi gidiberdi. Daşoguz welaýatyndaky Akdepe etrabynyň Magtym obasynda ýaşaýan bu oglanjygyň adyna Hudaýar diýýärler. Hudaýar Koşaýew etrapdaky 109-njy orta mekdepde okaýar. Ol her gün mekdepden gelen badyna öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirip bolandan soň, eli sypyndygy, atasynyň ussahanasyna sary ýelk ýasaýar. Tomusky dynç alyş möwsümine çykylany bäri Hudaýaryň diýeni geldi. Bu günler ol günuzyn atasynyň ussahanasynda. Jumabaý aganyň ussahanasy Magtym obasynyň gaýrasyny etekläp geçýän ene ýabyň boýunda ýerleşýär. Külalyň eli galtaşandan çarhyň üstündäki laýa jan giren ýaly bolýar. Pyr-pyr pyrlanýan çarhyň üstündäki bir kelle laý kem-kem küýzä öwrülýär. El hereketini göz astyndan synlap duran agtygyna gözi düşen Jumabaý aga:

Meşhur hindi zenany

Özüniň görk-görmegi, owadan tansy bilen tanalýan meşhur hindi kino ýyldyzy Dipika Padukone häzirki wagtda meşhur aktrisa, model, prodýuser, haýyr-sahawatçy we işewür zenan hökmünde tanalýar. Ol Hindistanda tanalýan iň meşhur 50 adamyň sanawynda 42-nji orunda durýar. Dipika Padukone 1986-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda Daniýanyň Kopengagen şäherinde dogulýar. Katolik maşgalasynda dünýä inen gyzyň ene dili hindi şiweleriniň biri bolan konkani şiwesidir. Olaryň familiýasy hem maşgalasynyň ýaşan obasynyň adyndan gelip çykypdyr. Dipikanyň ene-atasynyň kino dünýäsi bilen hiç hili baglanyşygy ýokdy. Onuň kakasy Prakaş Padukone badminton boýunça dünýä derejesindäki oýunçy, ejesi Ujala bolsa syýahatçylyk gullugynda işleýärdi. Dipika on bir ýaşynda wagty maşgalasy Hindistanyň Karnataka şäherine göçýär. 1991-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa onuň körpe uýasy Anişa dünýä inýär.

Medeniýet — jemgyýetiň jebisliginiň, milli ruhuň mizemez binýady

Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy we aň-bilim kuwwatyny ýokarlandyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamaga gönükdirilendir. Bu ulgamda häzirki zaman gazanylanlary sungatyň dürli görnüşleriniň galkynmagyny hem-de ösdürilmegini, giň medeni hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Halkara derejede degişli çäreleri guramak üçin döwlet tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, döwletimizde we daşary ýurtlarda meşhur söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, ony dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygarynyň many-mazmuny hem watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant g

Dilde dessan Diýarym

Ýakynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» monumentiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige aýdymçy ýaşlaryň jemi 10-sy gatnaşdy. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň dabaralanýan şanly ýylynda geçirilen bäsleşik özüniň ýokary ruhubelentligi bilen tapawutlandy. «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň dowamynda çykyş eden ýaşlar türkmen halk aýdymlaryny, häzirki zaman aýdymlaryny uly ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Biz hem şol bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşan ýaşlaryň ýürek buýsanjyny size ýetirmegi makul bildik.

Bilimleriň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin döwrebap şertler döredildi. Ýaşlaryň aň-düşünjesiniň kämilleşmegine kitaphanalar ýakyndan ýardam berýär. Halkymyz kitaba hemişe uly hormat goýupdyr. Taryhy maglumatlar hem ylmyň, medeniýetiň merkezi hasaplanan Merwdäki, Köneürgençdäki kitaphanalarda juda gymmatly kitaplaryň saklanandygyna, halkymyzyň kitaplara aýratyn gymmatlyk hökmünde garandygyna şaýatlyk edýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýipdir. Kitap bilimleriň çeşmesi bolup hyzmat edýär, dünýägaraýşyň giňemegine täsir edýär. Biziň her birimiz özümizi gyzyklandyrýan sowallara jogaplary kitabyň üsti bilen tapyp bilýäris.

Hoşallyk duýgusyny döretdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda 2025-nji ýylyň 22—27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi her birimizde egsilmez şatlyk we hoşallyk duýgusyny döretdi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny yzygiderli ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň nobatdaky dabaralanmasydyr. Medeniýet hepdeliginiň 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli guralyp gelinmegi diýseň begendirýär. Bu medeni çäre umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmaga ajaýyp mümkinçilik açmak bilen, güneşli Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň toý dabaralaryna baý many-mazmun çaýýar.

Änew — şan-şöhratly mekan

Üstümizdäki şanly ýylda Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejä eýe boldy. Şu mynasybetli mart aýynda gadymy Änew şäherinde ýylyň çärelerine badalga berildi, «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň elimize gowuşmagy bolsa, şol şatlykly günlerdäki ajaýyp wakalaryň üstüni ýetirdi. Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň işgärlerini begendirýän zatlaryň biri-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol gymmatly eserinde biziň muzeýimiz barada söz açylmagydyr. Bu gün hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby muzeýimiziň iň görnükli ýerinde mynasyp orun eýeleýär. Kitapdaky maglumatlar biz üçin gollanma bolmak bilen, has yhlasly we netijeli işlemegimize ruhubelentlik berýär.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi. Resminama bilen, Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine hem-de Ahal welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Medeniýetiň mertebesi

Medeniýet halkyň kalbydyr diýilýär. Bu dogrudyr. Medeniýet hereketlendiriji güýçdür diýilýär. Bu-da dogrudyr. Eýsem, bir wagtyň özünde halkyň hem kalby, hem hereketlendiriji güýji bolup durýan medeniýet nämedir? Onuň başga-da häsiýetlendirilişi barmydyr? Bar. Medeniýet diýen düşünje şeýle bir giň welin, bir ujy ýedi gat ýeriň jümmüşine direse, beýleki ujy iň ýokarky gatlagyna çykýar. Ýeriň we arşyň aralygynda durup, gollaryny gerse welin, ol bütin Ýer şaryny gurşap alar. Aýagyny ýere urup, depesini äleme direýän bolsa, belki, ol beýleki planetalara-da täsirini ýetirýändir. Muny häzirlikçe kesgitli aýtmak kyn. 1969-njy ýylyň tomsunda amerikan kosmonawtlary Nil Armstrong bilen onuň ýoldaşy Bazz Oldrin ikisi ilkinji gezek Aýa gadam basdy. 2 sagat 31 minut 40 sekunt — ine, olaryň Aýda bolan wagtlary. Bu, elbetde, uly edermenlik. Adamzadyň durmuşynda ägirt uly ädim bolan bu waka bilen baglylykda başga bir zada ünsüňizi çekmekçi bolýarys.

Dünýä edebiýatynyň döwresi

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat Köpetdagyň ajaýyp künjeginde gurlup ulanylmaga berlen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda seýil edip, dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkellerini synlap ýörkäň, dünýä edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döreden, malaý halkynyň milli guwanjy Raja Ali Hajiniň dünýä meşhur döredijilik mirasynyň hormatyna dikeldilen belent heýkelde ünsüň biygtaýar eglenýär.

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi

4-nji iýulda Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada gurlan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.  Ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylynda geçirilýän dabara iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

Dünýä dolan taglymat

Hormatly Prezidentimiziň medeni taglymaty, ilkinji nobatda, dünýä parahatçylygyny öňe sürýär. Parahatçylyk diýlen dünýägaraýyşda «umumadamzat», «gatnaşyk», «hyzmatdaşlyk», «agzybirlik» ýaly ugurlar bir sapaga düzülip, aň ulgamyny sazlaýar. Gahryman Arkadagymyz “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda: “Döwlet gurluşynda, syýasatda, ykdysadyýetde, sosial durmuş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikleriň ruhy güýji ähli işe döredijilikli çemeleşmekde — medeni ilerlemelerdedir. Şoňa görä-de biz giň mazmuny, çeperligi we taryhy kökleri has çuň heňňamlara aralaşýandygy bilen kämilligiň ýölgörkeziji şamçyragyna öwrülen milli medeniýetimizi barha ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýäris” diýýär. Halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetini özara gatnaşyklar arkaly dünýä çykarmak, olary sünnäläp nesillere ýetirmek maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýylyň özünde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralary döredildi. ÝUNESKO klublarynyň açylmagy hem ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işjeňligini kemala getirmek, olaryň öz ýurdunyň medeni gymmat

Dostlaryň sazlaşykly owazy

Milli medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmek, ösdürmek, kämilleşdirmek, dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipeleriniň biridir. Taryhymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, dilimiziň we ruhy gymmatlyklarymyzyň umumylygy halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär. Medeniýet we sungat wekilleri Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çärelere — kino günlerine, bilelikdäki konsertlere, maslahatlara, sergilere, festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar. Bular köptaraply medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. 2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynda 2024-nji ýylda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip edipdi. Ine, ýakynda, ýagny 24-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi dost-doganlyk gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygynyň güwäsine öwrüldi.