Bilimleriň çeşmesi

10 Iýul 2024
314

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin döwrebap şertler döredildi. Ýaşlaryň aň-düşünjesiniň kämilleşmegine kitaphanalar ýakyndan ýardam berýär.

Halkymyz kitaba hemişe uly hormat goýupdyr. Taryhy maglumatlar hem ylmyň, medeniýetiň merkezi hasaplanan Merwdäki, Köneürgençdäki kitaphanalarda juda gymmatly kitaplaryň saklanandygyna, halkymyzyň kitaplara aýratyn gymmatlyk hökmünde garandygyna şaýatlyk edýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýipdir. Kitap bilimleriň çeşmesi bolup hyzmat edýär, dünýägaraýşyň giňemegine täsir edýär. Biziň her birimiz özümizi gyzyklandyrýan sowallara jogaplary kitabyň üsti bilen tapyp bilýäris.

Gurbansoltan ÝAÝLYMOWA,
Gyzylarbat etrabynyň merkezi kitaphanasynyň direktory.
Beýleki habarlar