Meşhur hindi zenany

11 Iýul 2024
491

Özüniň görk-görmegi, owadan tansy bilen tanalýan meşhur hindi kino ýyldyzy Dipika Padukone häzirki wagtda meşhur aktrisa, model, prodýuser, haýyr-sahawatçy we işewür zenan hökmünde tanalýar. Ol Hindistanda tanalýan iň meşhur 50 adamyň sanawynda 42-nji orunda durýar.

Dipika Padukone 1986-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda Daniýanyň Kopengagen şäherinde dogulýar. Katolik maşgalasynda dünýä inen gyzyň ene dili hindi şiweleriniň biri bolan konkani şiwesidir. Olaryň familiýasy hem maşgalasynyň ýaşan obasynyň adyndan gelip çykypdyr. Dipikanyň ene-atasynyň kino dünýäsi bilen hiç hili baglanyşygy ýokdy. Onuň kakasy Prakaş Padukone badminton boýunça dünýä derejesindäki oýunçy, ejesi Ujala bolsa syýahatçylyk gullugynda işleýärdi. Dipika on bir ýaşynda wagty maşgalasy Hindistanyň Karnataka şäherine göçýär. 1991-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa onuň körpe uýasy Anişa dünýä inýär.

Taýýarlan Owadan ALLAÝAROWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar