Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi

5 Iýul 2024
232

4-nji iýulda Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada gurlan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylynda geçirilýän dabara iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

Beýleki habarlar