Dostlaryň sazlaşykly owazy

5 Iýul 2024
346

Milli medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmek, ösdürmek, kämilleşdirmek, dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipeleriniň biridir. Taryhymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, dilimiziň we ruhy gymmatlyklarymyzyň umumylygy halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär. Medeniýet we sungat wekilleri Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çärelere — kino günlerine, bilelikdäki konsertlere, maslahatlara, sergilere, festiwallara yzygiderli gatnaşýarlar. Bular köptaraply medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynda 2024-nji ýylda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegi teklip edipdi. Ine, ýakynda, ýagny 24-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi dost-doganlyk gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygynyň güwäsine öwrüldi.

Şäher TÄÇEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar