Ýaş ýürekleriň konserti

2 Maý 2024
442

30-njy aprelde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 95 ýyllygy mynasybetli taýýarlan hasabat konserti geçirildi. Dabara mekdebiň üflenip çalynýan saz guralynyň orkestriniň ýerine ýetirmeginde kompozitor D.Hydyrowyň şahyr O.Oraztaganowanyň sözlerine döreden «Bagtyýarlyk aýdymy» bilen başlady. Soňra halk aýdymy «Gyratym», rus kompozitory Ýe.Doganyň «Wals» sazy ýaňlandy.

Konserti S.Kasiminiň ýolbaşçylygyndaky kwartet «Ýatlama», M.Jumaýewiň dirižýorlyk etmegindäki instrumintal saz gurallary ansambly Zekinýa de Abreunyň «Tiko-tiko» sazy, kanunçylar toparynyň «Gözel Diýarym» sazy, dutarçylar ansamblynyň «At çapar» sazy, «Şirin owazlar» skripkaçylar ansamblynyň Georgiý Swiridowyň «Romans» eseri bezedi. Şeýle-de talyplar Jemşit Galpakowyň Ferens Listiň «Syrgyn» eserini, Şatlyk Altyýewiň şol awtoryň «Wenger rapsodiýasyny», Aman Akmyradowyň Nury Halmämmedowyň «Elegiki Prelýudiýa we Fuga» eserini, Wepa Allaşowyň Daňatar Öwezowyň we Adriýan Şapoşnikowyň «Şasenem we Garyp» operasyndan «Şawelediň ariýasyny» ýerine ýetirmegi konserte özboluşly öwüşgin çaýdy.

Şöhratberdi MEDEDOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.