Nesilleriň aragatnaşygy

5 sagat öň
8

17-19-njy sentýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň paýtagty Ufa şäherinde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: umumy gymmatlyklar we medeniýetleriň köpdürlüligi» atly XVII forumy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ylym-bilim, döredijilik ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň çäklerinde «Arkalaşygyň ýyldyzlary» atly Döwletara baýragyň we «Arkalaşygyň debýutlary» atly halkara baýragyň gowşurylyş dabaralary, «Arkalaşygyň medeni paýtagty» atly Döwletara maksatnamanyň görkezilişi ýatda galyjy pursatlara baý boldy. «Başkortostan» Döwlet konsert zalyndaky GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşy forumyň özboluşly bezegine öwrüldi. Orkestre watandaşymyz Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmegi bizi has-da buýsandyrdy.

Göwher ALLABERENOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeniýeti öwreniş kafedrasynyň müdiri.