Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

2 sagat öň
0

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Abdelmajid Tebbuna Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz Türkmenistan bilen Alžiriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.

(TDH)