Oba hojalyk pudagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

2 sagat öň
4

Paýtagtymyzda halkara ylmy maslahat we sergi geçirilýär

Aşgabat, 19-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi açyldy. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän forum Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi.