Körpe külalçy

11 Iýul 2024
244

Tüýs «Ata kesbi — ogla halal» diýleni-dä. Ol heniz on dört ýaşyndadygyna garamazdan, atasy Jumabaý aganyň ýedi arka dowam edip gelýän küýzegärçilik kesbine imrindi gidiberdi. Daşoguz welaýatyndaky Akdepe etrabynyň Magtym obasynda ýaşaýan bu oglanjygyň adyna Hudaýar diýýärler. Hudaýar Koşaýew etrapdaky 109-njy orta mekdepde okaýar. Ol her gün mekdepden gelen badyna öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirip bolandan soň, eli sypyndygy, atasynyň ussahanasyna sary ýelk ýasaýar. Tomusky dynç alyş möwsümine çykylany bäri Hudaýaryň diýeni geldi. Bu günler ol günuzyn atasynyň ussahanasynda. Jumabaý aganyň ussahanasy Magtym obasynyň gaýrasyny etekläp geçýän ene ýabyň boýunda ýerleşýär.

Külalyň eli galtaşandan çarhyň üstündäki laýa jan giren ýaly bolýar. Pyr-pyr pyrlanýan çarhyň üstündäki bir kelle laý kem-kem küýzä öwrülýär. El hereketini göz astyndan synlap duran agtygyna gözi düşen Jumabaý aga:

Gurban GURBANOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar