Änew — şan-şöhratly mekan

9 Iýul 2024
294

Üstümizdäki şanly ýylda Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejä eýe boldy. Şu mynasybetli mart aýynda gadymy Änew şäherinde ýylyň çärelerine badalga berildi, «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň elimize gowuşmagy bolsa, şol şatlykly günlerdäki ajaýyp wakalaryň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň işgärlerini begendirýän zatlaryň biri-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol gymmatly eserinde biziň muzeýimiz barada söz açylmagydyr. Bu gün hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby muzeýimiziň iň görnükli ýerinde mynasyp orun eýeleýär. Kitapdaky maglumatlar biz üçin gollanma bolmak bilen, has yhlasly we netijeli işlemegimize ruhubelentlik berýär.

Gülnara ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar