"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Gazagystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awia kerosini hem-de polipropileni satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 40 sanysy hasaba alyndy. Gyrgyz Respublikasyndan, Owganystandan, Azerbaýjandan, BAE-den, Gazagystandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Gruziýadan, Irlandiýadan, Serbiýadan we Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen ECO 93 kysymly awtobenzini, şeýle-de «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen ТС-1 kysymly awiakerosini, polipropileni satyn aldylar. Şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen guradylan, arassalanmadyk, buýan köki we kök baldaklaryhem-de Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümlerisatyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 48 million 451 müň 900 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň ykdysady töwekgelçilikler boýunça seljermesi

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). 5-nji diagrammadan görnüşi ýaly, Hytaý Halk Respublikasy türkmen önümlerini we çig mallaryny iň köp import edýän ýurt bo­lup durýar. 2021-nji ýylda Hytaýa türkmen eksportynyň möçberi 4 967,8 million ameri­kan dollaryna deň boldy ýa-da iki ýurduň arasyndaky söwda balansynyň 91,5 göterimini düzdi. Russiýa bilen Italiýa Türkmenistanyň eksport düzüminde degişlilikde, 2-nji we 3-nji orny eýeleýärler. Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň paýy 1 635,7 million amerikan dollaryna deň bolup, eksportyň möçberi 1 009,1 million amerikan dollaryna barabardyr. Şol nukdaýnazardan, importyň 626,6 million amerikan dollaryna deň bolan möçberinden, Türkmenistanyň Russiýa bilen oňyn (položitel aratapawudy) söwda balansy 382,5 million amerikan dollaryna deň boldy. Italiýa bilen daşary söwda dolanyşygynda türkmen eksportynyň paýy 1 295,1 million amerikan dollaryna barabar bolup, bu görkeziji 96,3 göterimden hem ýokarydyr.

Hytaý Halk Respublikasy dünýä bazaryny haýsy harytlary bilen üpjün edýär: Hytaýyň eksport harytlarynyň öňdäki 10-lugy

Geçen 2022-nji ýylda HHR 2021-nji ýyla garanyňda, eksportynyň möçberini baha babatda görnetin artdyrdy. Biz HHR-iň Baş gümrük müdirliginiň resmi maglumatlaryna salgylanyp, Hytaýyň dünýä bazaryna nähili harytlary eksport edýändigine we olardan näçeräk girdeji alýandygyna göz ýetirdik. Sanaw Hytaýyň 2022-nji ýyldaky daşary söwda gatnaşyklarynyň netijesi boýunça düzülip, öňdäki 10-luga aýry-aýry haryt nomenklaturalary (dört belgili kod boýunça) girizildi.

Ykdysady ösüşler ýurdumyzyň kuwwatydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurduň milli ykdysadyýetiniň pudaklaryny ylmyň gazananlaryna daýanyp ösdürmek häzirki zaman bazar şertlerinde möhüm ugur bolup durýar. Dünýä ösüşine goşulyşýan milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakda, bazar şertleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, netijeli ösüşi üpjün etmekde beýik işler amal edilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly möhüm resminamalarda öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Nebitçileriň gaýratly gadamlary

Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, nebitgaz ulgamyna degişli kärhanalaryň önümçiligini artdyrmak üçin olara döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we toplumlaýyn çäreleri geçirmek babatda anyk wezipeleri öňe sürdi. Uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny durnukly artdyrmak, nebitdir gazy gaýtadan işläp, olary ýokary hilli taýýar harytlara öwürmek, iň bir kämil enjamlardyr tilsimatlary önümçilikde netijeli peýdalanmak bilen, ulgamyň kärhanalarynyň tehniki binýadyny düýpli pugtalandyrmak, önümçilik düzümlerini ygtybarly döwrebaplaşdyrmak mynasyp dowamat tapýar. Ulgama degişli kabul edilýän resminamalarda hem bu gaýragoýulmasyz wezipe ileri tutulýar. Ykrar edilen maglumatlara salgylansak, häzirki wagtda ýangyç-energetika serişdeleriniň sarp edilişinde nebit birinji orunda durýar. Soňky ýarym asyra barabar wagtyň dowamynda tutuş dünýäde ýangyjyň esasy görnüşlerine isleg 100 essedenem artyk ýokarlanypdyr. Çaklamalara salgylansak, «gara altynyň» tassyklanan gorlary 170 milliard tonna barabardyr. Şonuň 10 göterime golaýynyň biziň ata Watanymyzyň «hazynaly» mesgenlerinde jemlenendigini buýsanç bilen belläsiň gelýär. Bu uly baýlygy ýer jümmüşinden alyp, ony halkyň bähbitlerine gönükdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryn

Türkmenistanyň milli floty daşary ýurt gämilerine ýangyç guýmak hyzmatlaryny hödürleýär

Türkmenistanyň deňiz söwda floty Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna gelýän daşary ýurt gämilerine dizel ýangyjyny guýmak hyzmatlaryny hödürleýär. «Size diňe bir Türkmenbaşy portunyň gämi duralgalarynda däl, eýsem syýahat wagtyny ep-esli tygşytlaýan we gämilere ýangyç guýlandan soň bellenen ugry gitmäge mümkinçilik berýän 78-nji ýol meýdançasynda deňiz ýangyjyny guýmak hyzmaty hödürlenýär» diýlip, deňiz flotunyň resmi web sahypasynda aýdylýar.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Ýokary hilli önümiň hyrydary köp Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gowy görkezijileriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe senagat kärhanalarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bu syýasatyň anyk işlerde amala aşyrylýandygyny subut edýär. Garaşsyz döwletimizde dabarasy dag aşýan baýramçylyklardyr şanly seneleri zähmet sowgatly garşylamak halkymyzyň asylly däbine öwrüldi.

Jana şypa berýän datly içgiler

Milli ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklaryny işjeň ornaşdyrmakda, netijede, hususy ulgamyň eýeleýän ornuny berkitmekde we giňeltmekde täze taryhy eýýamda alnyp barylýan ilhalar tutumlar halkyň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedir. Ykdysady meseleleri netijeli çözmegiň gözbaşy bolup durýan bazar gatnaşyklary sebitleriň zähmet bölünişigini kadalaşdyryp, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, milli maksatnamalarda göz öňünde tutulýan ägirt uly taryhy taslamalaryň hem-de başlangyçlaryň rowaçlyklara beslenmegine düýpli itergi berýär.

Gämiler abatlanylýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde gazanylýan zähmet üstünlikleri has-da buýsançlydyr. Häzirki wagtda kuwwatly kärhanada dürli kysymly gämileri abatlamak işleri ýokary depginde alnyp barylýar.  Önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, täze gämileri gurmaga we olarda abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmäge giň mümkinçiligi bolan kärhanada şu ýylyň başyndan bäri ona golaý gämide ýeňil we düýpli abatlaýyş işleri geçirilip, sargytlar üstünlikli ýerine ýetirildi. Abatlanan suw ulaglarynyň arasynda ýolagçy, nebit önümlerini daşaýan we tirkeg gämileri bar.

Kaoline isleg artýar

Bu gün gurluşyk serişdeleri senagaty düýpli özgerişleri başdan geçirýär. Ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýan gurluşyk serişdeleriniň dürli-dürli görnüşini taýýarlamaga, olary içerki we daşarky bazarlara barha köp möçberde çykarmaga giň mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Balkan kän» müdirliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň bilelikde döreden «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zähmet toparlary bu asylly maksadyň mynasyp çözgüdini tapmaga önjeýli goşant goşýarlar. Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde ýerleşýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli baýlaşdyrylan kaolin önümhanasynyň durky doly döwrebaplaşdyrylyp, ol ýerde düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçirildi. Ýyllyk taslama kuwwatlylygy dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli baýlaşdyrylan kaoliniň 20 müň tonnasyna barabar bolan bu önümhana daşary ýurtlaryň kämil enjamlarydyr tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Häzirki wagtda baýlaşdyrylan kaolin keramika, sanfaýans we gap-gaç önümçiliginde çig mal hökmünde giňden ulanylýar. Täze döredilen açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu önümi içerki bazarlaryň sarp edijilerine yzygiderli ugradylýar. Ony ýakyn geljekde daşarky bazarlara

Sanly çözgütler — ösüşiň kämil ugry

Eziz Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy taglymlary, öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini, tehnologik tilsimleri özleşdirmegine möhüm üns berilýär. Sanly ulgamy ösdürmekde gazanylanlary, işläp taýýarlamalary milli ykdysadyýetiň pudaklaryna, önümçilige giňden ornaşdyrmak işleri sazlaşykly guralýar. Bu ugurdaky işler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri açýar. Dürli ugurdaky işleriň umumy netijeliliginiň ýokarlanmagy, maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegi, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegi sanly ösüşiň wezipeleriniň çözülmegi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolup durýar. Ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň elektron

Täzelik

Akkumulýator önümçiligi bilen meşhur bolan «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde öndürilýän önümler içerki bazary doly üpjün etmek bilen birlikde goňşy döwletlere-de eksport edilýär. Ýurdumyzda akkumulýator öndürmek bilen meşgullanýan «Kökçi» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda işe başlapdy. Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň we Hindistanyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylan «Kökçiniň» önümçilik bölümlerinde ýeňil we ýük awtoulaglary üçin ýokary hilli «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» haryt nyşanly akkumulýatorlaryň her günde 300-350 sanysy öndürilýär.

Nebiti gaýtadan işleýjileriň gaýratly işleri

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän nebitgaz toplumynyň iri kärhanalarynyň biri bolan Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny şowly jemlemek, nebit önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Gaýtadan işleýjileriň gaýratly we maksada okgunly zähmet çekmegi arkaly şanly ýylyň tamamlanan ýedi aýy üstünlikli jemlenildi. — Hormatly Prezidentimiziň pudagymyzyň öňünde goýan jogapkärli wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge agzybirlik bilen gatnaşýarys. Agzybirligiň, jebisligiň bar ýerinde üstünlik hem gazanylýar. Munuň şeýledigine gazanýan maliýe-ykdysady görkezijilerimiz hem aýdyň şaýatlyk edýär — diýip, kärhananyň baş ykdysatçysy Reýimguly Orazow diýýänlerini anyk maglumatlar bilen delillendirýär.

Döwrebap zähmetiň datly miwesi

Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşlarynda hemişe nygtaýşy ýaly, ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmak we täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarlarynda ýokary islege eýe bolan önümleri öndürmek babatda göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa geçirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň hünärmenleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwrebap işleri bitirýärler. Bu öňdebaryjy kärhanada şu ýylyň geçen ýedi aýynda konserniň burawlaýjуlarydyr guýulary düýpli abatlaýjylaryna agregat hyzmatlaryny ýola goýmak baradaky meýilnamanyň 138,8 göterim berjaý edilmegi-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýeri gelende aýtsak, Garaşsyz Diýarymyzdaky uglewodorod çig malyna baý ýataklardan çykarylýan nebitdir gazyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak pudagyň baş wezipesi bolup durýar. Bu gaýragoýulmasyz wezipe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» hem aýdyň kesgitlenilýär. Onda tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak we olary senagat taýdan özleşdirmek meseleleri

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Önümçiligiň ösüş depgini ýokarlanýar

Ahal welaýat alyjylar jemgyýetiniň birleşigine degişli çörek sehlerindedir kärhanalarynda öndürilýän çörek we çörek önümleriniň, süýji-kökedir unaş önümleriniň mukdary ýylsaýyn artýar. Birleşigiň çörek we çörek önümçiliginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda önümçiligiň ösüş depgini 130,9 göterim ýokarlandy. Birleşikde ýokary tehnologiýaly enjamlar arkaly öndürilýän süýji-köke, unaş önümleriniň önümçiliginde-de bellenilen meýilnamalary amal etmek üçin netijeli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 25 sanysy hasaba alyndy. Gyrgyz Respublikasyndan, BAE-den, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan we Gonkongdan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi hem-de «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 40 million 791 müň 300 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Zeýtun önümçiliginiň taryhy we şu güni

Häzirki wagtda ösen, döwrebap tehnologiýanyň saýasynda pagta çigidinden başlap, günebakar, künji, zeýtun ýaly oba hojalyk ekinlerinden ýokary hilli ýag alynýar. Restorandyr garbanyşhanalarda, hatda öý bikeleriniň arasynda-da iň meşhury zeýtun ýagy hasaplanylýar. Çünki zeýtun ýagy antioksidantlara baý bolup, ol düwnük, ýürek, diabet keselleri bilen bir hatarda tiz garramagyň hem öňüni alýar. Şeýle-de zeýtunda köp mukdarda ýag, protein, A, C we E witaminleri, kalsiý, fosfor, kükürt, magniý ýaly minerallar bardyr. Ol iýmit, şahsy ideg önümleri we derman senagaty ýaly ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda giňden ulanylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Ýer ýüzünde zeýtunyň önümçiliginiň ýokarlanmagyna uly üns berilýär. Munuň şeýledigine ýylyň-ýylyna gazanylýan ösüş görkezijileri hem şaýatlyk edýär. «The Business» gözleg kompaniýasynyň hasabatyna laýyklykda, dünýäniň zeýtun bazarynyň girdejisi 2022-nji ýylda 11,64 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkezijiniň şu ýylda 12,21 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlanmagyna we ýyllyk goşmaça ösüş depgininiň 4,93 göterime deň bolmagyna garaşylýar. Gözleg kompaniýasynyň degişli hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, 2028-nji ýyla çenli global zeýtun ýagy senagatynyň ýyllyk ösüş depgini 6,48 göterime ýetip, girdeji 17,93 amerikan dollaryna deň bolar. Häzirki wagtda bütin dünýäde ýylda 20 million tonna golaý zeýtun öndürilýär.

Telekeçilik işiniň dünýä tejribesi

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). Kiçi we orta işewürligi goldamak çäreleri kompaniýalaryň uly bolmanlygy sebäpli ýüze çykýan meseleleriň aşakdakylar arkaly çözülmegine gönükdirilýär: