Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

13 Awgust 2023
327

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 25 sanysy hasaba alyndy.

Gyrgyz Respublikasyndan, BAE-den, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan we Gonkongdan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi hem-de «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 40 million 791 müň 300 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB