Gämiler abatlanylýar

16 Awgust 2023
537

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde gazanylýan zähmet üstünlikleri has-da buýsançlydyr. Häzirki wagtda kuwwatly kärhanada dürli kysymly gämileri abatlamak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. 

Önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, täze gämileri gurmaga we olarda abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmäge giň mümkinçiligi bolan kärhanada şu ýylyň başyndan bäri ona golaý gämide ýeňil we düýpli abatlaýyş işleri geçirilip, sargytlar üstünlikli ýerine ýetirildi. Abatlanan suw ulaglarynyň arasynda ýolagçy, nebit önümlerini daşaýan we tirkeg gämileri bar.

Muhammetgylyç Tagangylyjow,
«Balkan».