Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň ykdysady töwekgelçilikler boýunça seljermesi

21 Awgust 2023
380

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda).

5-nji diagrammadan görnüşi ýaly, Hytaý Halk Respublikasy türkmen önümlerini we çig mallaryny iň köp import edýän ýurt bo­lup durýar. 2021-nji ýylda Hytaýa türkmen eksportynyň möçberi 4 967,8 million ameri­kan dollaryna deň boldy ýa-da iki ýurduň arasyndaky söwda balansynyň 91,5 göterimini düzdi. Russiýa bilen Italiýa Türkmenistanyň eksport düzüminde degişlilikde, 2-nji we 3-nji orny eýeleýärler. Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň paýy 1 635,7 million amerikan dollaryna deň bolup, eksportyň möçberi 1 009,1 million amerikan dollaryna barabardyr. Şol nukdaýnazardan, importyň 626,6 million amerikan dollaryna deň bolan möçberinden, Türkmenistanyň Russiýa bilen oňyn (položitel aratapawudy) söwda balansy 382,5 million amerikan dollaryna deň boldy. Italiýa bilen daşary söwda dolanyşygynda türkmen eksportynyň paýy 1 295,1 million amerikan dollaryna barabar bolup, bu görkeziji 96,3 göterimden hem ýokarydyr.

Hangeldi GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.