Nebitçileriň gaýratly gadamlary

19 Awgust 2023
382

Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, nebitgaz ulgamyna degişli kärhanalaryň önümçiligini artdyrmak üçin olara döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we toplumlaýyn çäreleri geçirmek babatda anyk wezipeleri öňe sürdi. Uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny durnukly artdyrmak, nebitdir gazy gaýtadan işläp, olary ýokary hilli taýýar harytlara öwürmek, iň bir kämil enjamlardyr tilsimatlary önümçilikde netijeli peýdalanmak bilen, ulgamyň kärhanalarynyň tehniki binýadyny düýpli pugtalandyrmak, önümçilik düzümlerini ygtybarly döwrebaplaşdyrmak mynasyp dowamat tapýar. Ulgama degişli kabul edilýän resminamalarda hem bu gaýragoýulmasyz wezipe ileri tutulýar.

Ykrar edilen maglumatlara salgylansak, häzirki wagtda ýangyç-energetika serişdeleriniň sarp edilişinde nebit birinji orunda durýar. Soňky ýarym asyra barabar wagtyň dowamynda tutuş dünýäde ýangyjyň esasy görnüşlerine isleg 100 essedenem artyk ýokarlanypdyr. Çaklamalara salgylansak, «gara altynyň» tassyklanan gorlary 170 milliard tonna barabardyr. Şonuň 10 göterime golaýynyň biziň ata Watanymyzyň «hazynaly» mesgenlerinde jemlenendigini buýsanç bilen belläsiň gelýär. Bu uly baýlygy ýer jümmüşinden alyp, ony halkyň bähbitlerine gönükdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).