Döwrebap zähmetiň datly miwesi

14 Awgust 2023
475

Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşlarynda hemişe nygtaýşy ýaly, ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmak we täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarlarynda ýokary islege eýe bolan önümleri öndürmek babatda göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa geçirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň hünärmenleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwrebap işleri bitirýärler. Bu öňdebaryjy kärhanada şu ýylyň geçen ýedi aýynda konserniň burawlaýjуlarydyr guýulary düýpli abatlaýjylaryna agregat hyzmatlaryny ýola goýmak baradaky meýilnamanyň 138,8 göterim berjaý edilmegi-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýeri gelende aýtsak, Garaşsyz Diýarymyzdaky uglewodorod çig malyna baý ýataklardan çykarylýan nebitdir gazyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak pudagyň baş wezipesi bolup durýar. Bu gaýragoýulmasyz wezipe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» hem aýdyň kesgitlenilýär. Onda tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak we olary senagat taýdan özleşdirmek meseleleri öňe sürülýär hem-de olary durmuşa geçirmegiň anyk ýollary kesgitlenilýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz».