"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýoly abadyň rysgaly artyk

(Publisistik ýol ýazgylary) Heňňamlaryň gujagyna girseň, taryhyň saralan sahypalaryny dörseň, iň bärkisi, adamzat ösüşiniň soňky ýeten menzilleri hakda oýlansaň, «ýol» diýlen düşünjäniň özi ýaly uzyn hem giňdigi ap-aýdyň bolýar duruberýär.

Bal çöregi bol öndürýän kärhana

«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çörek kärhanasy şu ýylyň 11 aýlyk meýilnamasyny önümçiligiň ähli ugurlary boýunça oňat görkezijiler bilen jemledi. Welaýat merkeziniň ilatyny çörek we çörek önümleri bilen bökdençsiz üpjün edýän bu öňdebaryjy kärhananyň çörek bişirijileriniň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýanwar — noýabr aýlarynda 4,5 müň tonna golaý çörek we çörek önümleri öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýokary ösüş depgini üpjün edildi. Şu döwrüň içinde kärhanada süýji kökeleriň 37 tonna golaýy taýýarlanyp, sarp edijilere ýetirildi. Şanly ýylymyzyň 11 aýynda bu kärhana boýunça jemi öndürilen önüm pul mukdarynda 9 million 500 müň manatlykdan gowrak boldy. Işleriň täze eýýamyň ösen talaplaryna laýyklykda guralmagy, iş bölümlerine ornaşdyrylan kämil tehnologiýalaryň sazlaşykly işledilmegi önümleriň möçberini hem görnüşlerini artdyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu ýerde saçaklaryň bezegi bolan tagamly önümleriň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Mürepbeli bulkalara, galypda bişirilen çöreklere, hut öýdäki tamdyrda ýapylan ýaly tagamly milli nanlara şäher ilaty tarapyndan uly isleg bildirilýär. Daşoguz şäheriniň günbatar çetinden uzap gidýän uly ýoluň ugrunda giň meýdany eýeläp oturan çörek kärhanasy iň baýry senagat kärhanalarynyň biri h

Işewür düzümleriň uly mümkinçilikleri görkezildi

28 — 30-njy noýabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi geçirildi. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, dürli pudaklaryň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Bu gezekki gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem görkezdi.

Ykdysady sepgitleriň badalgasy

Eziz Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatda uly üstünlikler gazanylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen on aýynyň makroykdysady görkezijileri milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmegiň, durnukly ösüş depginlerini saklamagyň ähli wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilendigini görkezýär. Geçen on aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň 6,3 göterime barabar bolandygyny turuwbaşdan bellemelidiris. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi hem 6,3 göterim artdy. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynda, energetika diplomatiýasynda, suw-ekologiýa diplomatiýasynda gazanylýan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilýän döwürde ykdysady ösüşleri artdyrmakdaky işleri has-da ilerledýär.

Ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösüşiniň buýsandyryjy netijeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz Türkmenistan dünýäde durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna oňyn goşant goşýar hem-de energetika, ulag, ekologiýa, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda we beýleki ugurlarda başlangyçlary öňe sürýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk, nebit-gaz, himiýa senagaty ýokary derejede ösdürilýär. Bu bolsa himiýadan we tebigy bilimlerden habarly kämil hünärmenleri talap edýär. Şonuň üçin hem himiýa ylmyny öwrenmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bilim edaralary, orta mekdepleri, ýokary okuw mekdepleri döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi bilimli ýaşlary ösdürip ýetişdirmekde oňyn netijeleri berýär. Zawod-fabriklerde, himiýa ylmy bilen bagly kärhanalaryň hemmesinde, şol sanda hassahanalarda hem tejribehanalar ýerleşýär. Olarda iş alyp barmak üçin himiýa ugrundan hünärmenleriň, laborantlaryň köp gerek bolýandygy öz-özünden düşnüklidir. Himiýa degişli başlangyç düşünjeler, endikler mekdep sapaklaryndan berlip başlanýar. Okuwçylar tejribeleri öz elleri bilen geçirenlerinde oňa örän oňat düşünýärler.

Ykdysadyýetiň ýokary depgini

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ulgamlarynda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilen tutumlaryň netijesinde gazanylýan ösüşler döwletimiziň şanyna şan goşýar. Ýurtda agzybirligi we asudalygy pugtalandyrmakda, daşary ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda we yzygiderli ösdürmekde alnyp barylýan netijeli işler döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Ata Watanymyzy ösdürmek, halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmak hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, ilkinji nobatda, içeri we daşary syýasatyny hem-de döwletliligiň milli ýörelgelerini özbaşdak işläp düzmäge, ynamly ösdürmäge, demokratik döwletini we raýat jemgyýetini esaslandyrmaga doly hukuk gazandy. Türkmen halkyna bagtyýarlygyň bedew batly ösüşleriniň ýaran bolan, ýagny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň hem-de il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryň hukuk esaslary yzygiderli berkidilýär.

Beýik işleriň aýdyň beýany

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetini dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, täze tehnologiýalary, innowasiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr. 28-nji noýabrda paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi öz işine başlady.

Watanyň kuwwaty — halkyň daýanjy

Şu ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 4-nji maslahatynda «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy we kabul edildi. Döwlet býujetiniň görkezijileri ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş maksatly ykdysady özgertmeleri maliýeleşdirmäge zerur serişdeleriň üpjün edilmegini kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär. 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 102  313,5 million manat möçberde kesgitlenildi. Şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejileri we çykdajylary boýunça 22 096,2 million manat möçberde meýilleşdirildi.

Bolçulygyň mynasyp goşant

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Dostluk galla önümleri kärhanasynda bereketli topragymyzda ýetişdirilýän bugdaý hasyly gaýtadan işlenilip, ondan çörek we çörek önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Her ýylda 45 müň tonna un öndürmäge niýetlenilen bu kärhanamyzyň işe girizilenine şu ýyl 26 ýyl boldy. Kärhanamyzyň kämil tehnologiýalar bilen doly enjamlaşdyrylmagy işleriň ýokary depginlerde bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün edýär. Kärhanamyzda önümçiligiň tehnologik yzygiderliligine laýyklykda esasy çig mal bolan bugdaý ilki elewatora berilýär. Soňra elewatordan harazyň bugdaý arassalaýjy bölümlerinde bugdaý ýokary derejede arassalanylyp, çyglylandyrylyp, ýokary öndürijilikli degirmenlerde üwelýär. Dürli göwrümli eleklerde elenip, ýokary we birinji, ikinji hilli un görnüşlerine getirilýär. Şol ýerden taýýar önümler ýörite niýetlenilen 50 kilogramlyk haltalara gaplanylyp, ammara ýerleşdirilýär. Ammardan hem döwlet eýeçiligindäki söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata hödürlenilýär.

Ösüşleriň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, oba hojalyk düzümleri üçin bäsdeşlik gurşawyny döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny, hususan-da, tohumçylygy ösdürmek, täzeçil usullary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmak, durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegi obasenagat toplumyndaky giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda däneçilik, pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, balçylyk we beýleki ugurlar işjeň ilerledilýär. Bu işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygyny 28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda açylan azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi ýene bir gezek subut etdi. Şu gezekki gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerin

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

DEPGINLI ÖNÜMÇILIK GAZANYLÝAR “Ak altynyň” tapylgysyz baýlykdygyna Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen tutumly işleriň netijesinde doly göz ýetirdik. Ýurdumyzda gymmatly çig mal bolan pagtadan ýokary hilli ýüplük, ondan dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply taýýar önümleriň öndürilmegi milli ykdysadyýetimiziň ýeňişli gadamydyr. Ýokary hilli taýýar önümi öndürmek gözbaşyny pagta arassalaýjy kärhanalaryň durnukly işinden alýar. Şeýle möhüm işe goşant goşmakda welaýatymyzdaky pagta arassalaýjy kärhanalary ýokary netijeleri gazanýarlar.

2024-nji ýyl üçin döwlet býujeti: halkymyzyň abadan we rowaç durmuşyny nazarlap

Döwlet býujeti syýasaty islendik ýurduň ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň we onuň netijeliliginiň üpjün edilmeginde aýgytly orun eýeleýär. Şeýle bolansoň, bu babatdaky wezipeleri çözmekde, bazar gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda, ony döwrebap ösdürmekde, halk hojalygyny özgertmekde, ählumumy söwda, ylmy-tehniki we ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan täzeçil usullary pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň 25-nji noýabrda geçirilen 4-nji maslahatynda kabul edilen «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň ähmiýeti örän uludyr. Geljek ýylda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň ugurlaryny anyk kesgitleýän bu derwaýys resminama esasynda 2024-nji ýylda edilmeli işler we ýetilmeli sepgitler üçin uly möçberde pul serişdeleri bölünip berler. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň ýurdumyzyň dürli sebitlerine wekilçilik edýän deputatlary şeýle gürrüň berdiler: Jennet ÖWEKOWA,Mejlisiň deputaty:

Türkmenistan Türkmenbaşy portunyň üsti bilen konteýner daşamak üçin täze nyrhlary kesgitledi

Türkmenistan Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň üsti bilen konteýner daşamak boýunça täze nyrhlary kesgitledi. Nyrhlar «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi web sahypasynda çap edildi. Bu barada «Trend.az» tarapyndan habar berildi. Ozal Aşgabat şäherinde Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy we amaly maslahat geçirilendigini habar beripdik. Foruma Demir ýollary hyzmatdaşlygy guramasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara howa gatnawy assosiasiýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Forum üstünlikli geçirildi

26-njy noýabrda paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmendemirýollary» agentliginiň binasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Türkmenistandaky degişli agentlikleriniň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Azyk senagaty: täze gözýetimler

Ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny ösdürip, azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Degişli ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmekde hem-de daşary ýurtly düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara sergileriňdir ýarmarkalaryň uly ähmiýeti bar. 28 — 30-njy noýabr aralygynda paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilýän «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi hem azyk önümçiliginde iş alyp barýan döwlet we hususy düzümlere döwrebap tehnologiýalar bilen tanyşmak üçin netijeli meýdançadyr. Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda öz işine başlajak gözden geçirilişiň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalara esaslanýan ösüş ýolunda ýeten sepgitleri hem-de daşary ýurtly kompaniýalaryň öňdebaryjy tejribeleridir işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik dörediler. Halkara sergä Azerbaýjanyň, Eýranyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň degişli pudaklarynyň kompaniýalary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň azyk senagatynda iş alyp barýan köp sanly telekeçiler hem gatnaşar. Olar öz diwarlyklarynda azyk önümçiliginiň enjamlary, gaplama önümleri we enjamlary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaý

Zähmeti bilen adygan

— Watanymyzyň gözel paýtagtynda bolmak, öňdebaryjy kärdeşlerim bilen didarlaşmak ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Uly dabarada mynasyp bolan döwlet sylagymy gowşuranlarynda bolsa başym gök diredi. Şonda biziň ýaly zähmet adamlarynyň gadyryny bilip, olary sarpalaýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerimi aýtdym — diýip, Hudaýberen Allamuradow bolup geçen tolgundyryjy wakalary ýatlaýar. Gürrüňdeşimiz «Türkmengaz» döwlet konserniniň Malaý — Çartak sehiniň tehnologik gurluşlarynyň operatory bolup zähmet çekýär. Hudaýberen Allamuradow bagtyýar ildeşlerimiziň uly toparynyň hatarynda Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmeti, gazanan ýokary netijeleri, hünär ussatlygy nazara alnyp, şeýle hem baky Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.

Türkmenistan içerki bazary nebit önümleri bilen doly üpjün edýär we olary daşary ýurtlara iberýär

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurduň içerki bazaryny nebit önümleri bilen üpjün etmek, şeýle hem olary daşary ýurtlara ugratmak üçin öndürilýän nebit we gazhimiýa önümleriniň mukdaryny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kesgitlän esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini çözmek bilen, häzir «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işlemegiň taslama kuwwaty Türkmenistanyň içerki bazaryny nebit önümleri bilen doly üpjün etmäge, şeýle hem olary daşary ýurtlara ugratmaga mümkinçilik berýär.

Durnukly ulag aragatnaşygy: ylalaşykly çözgütleri taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşilýär

Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşmek bilen, ähli ugurlar, şol sanda ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini bellemek gerek. Şu jähetden, 26-njy noýabrda paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilen Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. «Türkmendemirýollary» agentliginiň binasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Türkmenistandaky degişli agentlikleriniň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Halkara ylmy-amaly maslahatyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň gazananlaryny görkezýän sergi guraldy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýangyç mazudyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 29 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan, Azerbaýjandan, BAE-den, Maltadan, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen az kükürtli ýakyş mazutyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümler satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 50 million 863 müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy.