Ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösüşiniň buýsandyryjy netijeleri

1 Dekabr 2023
356

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz Türkmenistan dünýäde durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna oňyn goşant goşýar hem-de energetika, ulag, ekologiýa, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda we beýleki ugurlarda başlangyçlary öňe sürýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk, nebit-gaz, himiýa senagaty ýokary derejede ösdürilýär. Bu bolsa himiýadan we tebigy bilimlerden habarly kämil hünärmenleri talap edýär. Şonuň üçin hem himiýa ylmyny öwrenmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bilim edaralary, orta mekdepleri, ýokary okuw mekdepleri döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi bilimli ýaşlary ösdürip ýetişdirmekde oňyn netijeleri berýär. Zawod-fabriklerde, himiýa ylmy bilen bagly kärhanalaryň hemmesinde, şol sanda hassahanalarda hem tejribehanalar ýerleşýär. Olarda iş alyp barmak üçin himiýa ugrundan hünärmenleriň, laborantlaryň köp gerek bolýandygy öz-özünden düşnüklidir. Himiýa degişli başlangyç düşünjeler, endikler mekdep sapaklaryndan berlip başlanýar. Okuwçylar tejribeleri öz elleri bilen geçirenlerinde oňa örän oňat düşünýärler.

Beýleki habarlar