Bal çöregi bol öndürýän kärhana

2 Dekabr 2023
402

«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çörek kärhanasy şu ýylyň 11 aýlyk meýilnamasyny önümçiligiň ähli ugurlary boýunça oňat görkezijiler bilen jemledi. Welaýat merkeziniň ilatyny çörek we çörek önümleri bilen bökdençsiz üpjün edýän bu öňdebaryjy kärhananyň çörek bişirijileriniň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýanwar — noýabr aýlarynda 4,5 müň tonna golaý çörek we çörek önümleri öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýokary ösüş depgini üpjün edildi. Şu döwrüň içinde kärhanada süýji kökeleriň 37 tonna golaýy taýýarlanyp, sarp edijilere ýetirildi. Şanly ýylymyzyň 11 aýynda bu kärhana boýunça jemi öndürilen önüm pul mukdarynda 9 million 500 müň manatlykdan gowrak boldy. Işleriň täze eýýamyň ösen talaplaryna laýyklykda guralmagy, iş bölümlerine ornaşdyrylan kämil tehnologiýalaryň sazlaşykly işledilmegi önümleriň möçberini hem görnüşlerini artdyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu ýerde saçaklaryň bezegi bolan tagamly önümleriň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Mürepbeli bulkalara, galypda bişirilen çöreklere, hut öýdäki tamdyrda ýapylan ýaly tagamly milli nanlara şäher ilaty tarapyndan uly isleg bildirilýär.

Daşoguz şäheriniň günbatar çetinden uzap gidýän uly ýoluň ugrunda giň meýdany eýeläp oturan çörek kärhanasy iň baýry senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kärhananyň tutuş durkuny täzelemek, düýpli abatlamak, bölümleriň çägini giňeltmek, öňden hereket edýän enjamlary doly täzelemek boýunça utgaşykly işler geçirildi. Gysga wagtyň içinde kärhananyň önümçilik ulgamlaryna daşary ýurt kompaniýalarynyň öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli tehnologiýalary ornaşdyryldy. Önümçilik hem hyzmat ediş bölümleriniň esasy ugurlaryny sanly ulgama birikdirilen kompýuterler arkaly dolandyrmak işi ýola goýuldy. Bişirilýän çörek önümleriniň gyzgyny bilen ilata ýetirilmegi üçin kärhana ýük ulaglary satyn alyndy. Şeýle hojalyk-tehnologik çäreleriň geçirilmegi önümçiligiň möçberini artdyrmaga, çörek we çörek önümleriniň hil derejesini ýokarlandyrmaga oňaýly şertleri döretdi.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar