Türkmenistan Türkmenbaşy portunyň üsti bilen konteýner daşamak üçin täze nyrhlary kesgitledi

28 Noýabr 2023
646

Türkmenistan Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň üsti bilen konteýner daşamak boýunça täze nyrhlary kesgitledi. Nyrhlar «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi web sahypasynda çap edildi. Bu barada «Trend.az» tarapyndan habar berildi.

Ozal Aşgabat şäherinde Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy we amaly maslahat geçirilendigini habar beripdik. Foruma Demir ýollary hyzmatdaşlygy guramasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara howa gatnawy assosiasiýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Beýleki habarlar