Ösüşleriň aýdyň ýoly

29 Noýabr 2023
365

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, oba hojalyk düzümleri üçin bäsdeşlik gurşawyny döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny, hususan-da, tohumçylygy ösdürmek, täzeçil usullary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmak, durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegi obasenagat toplumyndaky giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda däneçilik, pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, balçylyk we beýleki ugurlar işjeň ilerledilýär. Bu işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygyny 28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda açylan azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi ýene bir gezek subut etdi.

Şu gezekki gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem görkezýär. Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, hususy telekeçileriniň 90-a golaýy bu ýerde öz önümlerini görkezdi. Ýurdumyzyň Oba hojalyk, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleri bilen bir hatarda, Azerbaýjandan, Eýrandan, Germaniýadan, Moldowadan, Niderlandlardan, Russiýadan, Türkiýeden we Özbegistandan gatnaşyjylar halkara sergide öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olarda innowasion tehnologiýalara we nou-haulara üns çekildi.

«Esger».
Beýleki habarlar