Zähmeti bilen adygan

27 Noýabr 2023
398

— Watanymyzyň gözel paýtagtynda bolmak, öňdebaryjy kärdeşlerim bilen didarlaşmak ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Uly dabarada mynasyp bolan döwlet sylagymy gowşuranlarynda bolsa başym gök diredi. Şonda biziň ýaly zähmet adamlarynyň gadyryny bilip, olary sarpalaýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerimi aýtdym — diýip, Hudaýberen Allamuradow bolup geçen tolgundyryjy wakalary ýatlaýar.

Gürrüňdeşimiz «Türkmengaz» döwlet konserniniň Malaý — Çartak sehiniň tehnologik gurluşlarynyň operatory bolup zähmet çekýär. Hudaýberen Allamuradow bagtyýar ildeşlerimiziň uly toparynyň hatarynda Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmeti, gazanan ýokary netijeleri, hünär ussatlygy nazara alnyp, şeýle hem baky Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar