"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — ykdysady mümkinçilikleriň ýurdy

Bu hakykat paýtagtymyzda geçirilýän iri forumyň mysalynda-da aýdyň açylýar Habar berlişi ýaly, düýn paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat hem-de ugurdaş sergiler öz işine başlady. Ýerli we daşary ýurtly gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi bu çäreleriň Diýarymyzy senagat taýdan ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmakda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge maýa goýumlary çekmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary kesgitlemekde, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekde möhüm meýdança öwrülendigine şaýatlyk edýär. Bu barada maýa goýum forumyna gatnaşan hormatly myhmanlaryň käbirleri, ine, şeýle gürrüň berýärler:

Innowasiýalar. tehnologiýalar. milli tejribe

Düýn Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň hem-de ugurdaş serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça geçirilýän bu halkara çäreler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Oguzabat» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny hem-de ýaş telekeçileri bir ýere jemlän forum tejribe alyşmak, täze hyzmatdaşlary tapmak, täze innowasion tehnologiýalardyr çözgütler bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Biz halkara çärä gatnaşýan hünärmenleriň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri, forum baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk. Gagik MALIKIAN, Finlýandiýanyň «Aquamec» kompaniýasynyň GDA döwletleri boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy:

Beýik özgertmelere beslenýän eziz Diýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagy beýik ösüşleriň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maksatlaýyn durmuşa geçirilýän beýik işler ösüşiň möhüm ugurlaryny üpjün edýär. 10 — 11-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilýän Türkmenistanyň Maýa goýum (TIF 2024) forumy ykdysady ösüşleriň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň we ugurdaş serginiň hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» köpugurly özgertmeleri amala aşyrmakda hem-de halk hojalygynyň pudaklaryny kämilleşdirmekde ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge ýardam edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän işler halkyň bähbidine we ýurdumyzyň mundan buýana hem ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunda gurlup ulanmaga berilýän desgalar, ýollar, senagat önümleriniň hem artdyrylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu ugurlaryň her biri babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Olar milli ykdysadyýetimiziň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Türkmenistanyň ählumumy asudalygy nazarlaýan gadamlary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi hem ýokary diplomatik ussatlygy bilen halkara giňişliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ornuny berkitmek ugrunda binýadyny pugta tutan daşary syýasy ugry hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze üstünliklere beslenýär. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň ynsanperwer başlangyçlary depginli, netijeli, açyk we demokratik häsiýete eýe. Türkmenistanyň ýakyn hem alys ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek, sebit we iri halkara guramalary bilen daşary syýasy ugrunyň meýilleri boýunça duşuşyklary we syýasy geňeşmeleri guramak babatda görkezýän tutanýerliligi ýyl ýazgysynda täze sahypany açýar. Şu ýylyň 5-7-nji iýuly aralygynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanda saparda bolmagy hem aýdylanlaryň aýdyň güwäsi bolup durýar. Saparyň çäklerinde belent mertebeli myhman bilen hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň arasynda geçirilen ikiçäk gepleşikler dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Duşuşyklaryň dowamynda durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, syýasy-diplomatik, ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş, ulag, energetika, ekologiýa we beýleki ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary ar

Türkmenistanyň maýa goýum forumy we ugurdaş sergisi öz işine başlady

2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy we onuň çäklerinde ugurdaş sergi geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryndaky, şol sanda ulag-kommunikasiýa ulgamynda baý maýa goýum mümkinçiliklere bagyşlanyp geçiriljek foruma dünýäniň dürli döwletlerinden ýüzlerçe wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýurdumyzda guralýan iri halkara maslahatyna türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Halkara çäresiniň resmi açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine sport diplomatiýasyny ilerledip

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, çar ýandan gelip gowuşýan hoş habarlar ildeşlerimiziň berkarar Watanymyza söýgüsini, buýsanjyny has-da artdyryp, belent maksatlara, täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Geçen hepdäniň ahyrynda Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde abraýly baýraklaryň 3-sine mynasyp bolup, halkara derejedäki ornuny beýgeltse, BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystanda geçirilýän Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem bu wakalaryň üstüni ýetirip, sport arkaly ählumumy parahatçylygy, döwletlerdir halklaryň arasynda dostlugy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. 10-njy sentýabrda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasy öz işine başlaýar. Bitarap Türkmenistan bu ähmiýetli syýasy foruma-da öz ileri tutýan garaýyşlary, täze teklipdir başlangyçlary bilen ýokary taýýarlykly geldi. BMG-niň meýdançasyndaky syýasy üstünlikler

Halkara giňişlikde

Maksat — hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek Stokgolmda geçirilen türkmen-şwed syýasy geňeşmelerinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, şwed tarapyna Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň başlygy T.Tiberg ýolbaşçylyk etdi. Onda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmegiň, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmegiň wajypdygy nygtaldy. Türkmen tarapy Şwesiýanyň wekiliýetini ýurdumyzda guralýan dürli çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistan bilen IRU ulag baglanyşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanylyp Aşgabat şäherinde noýabr aýynda geçiriljek halkara maslahatynyň taýýarlyk işleri barada maslahatlaşdylar. Anna güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen IRU arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňaýly tejribesini belläp, multimodal üstaşyr geçelgelerini we halkara logistika merkezlerini ösdürmek hem-de ulag pudagynyň sanlylaşdyrylmagy arkaly ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşygy gowulandyrmak boýunça hereketleri kesgitlediler.

Gyrgyzystan Aşgabat ulag ylalaşygyna goşuldy

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabineti ýurduň Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagynyň arasynda ulag geçelgesiniň döredilmegini göz öňünde tutýan Aşgabat ylalaşygyna goşulmagy baradaky karary tassyklady. Bu barada «Tazabek» habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, ylalaşyga goşulmagyň maksady ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek we şertnama gatnaşýan ýurtlaryň üsti bilen harytlaryň üstaşyr geçmegini ýeňilleşdirmekden ybaratdyr. Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministrligi bu ylalaşygyň ýurtda durmuşa geçirilmegi boýunça jogapkär hökmünde bellenildi.

Gümrük gullugy boýunça iş duşuşygy geçirildi

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha ýokarlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän bimöçber mümkinçilikleri netijesinde iki ýurduň gümrük edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar, maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Ýakynda hem 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda gol çekilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, Lebap welaýat gümrükhanasynyň edara binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça degişli hünärmenleriň iş duşuşygy geçirildi.

Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalary hem görkezmek bolar. Saparyň dowamynda gol çekilen resminamalar hem-de gazanylan ylalaşyklar Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda daşary ýurtlar bilen daşary ykdysady gatnaşyklaryň we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan birnäçe kanunçylyk namalary hem-de beýleki kadalaşdyryjy resminamalar yzygiderli taýýarlanylýar hem-de kabul edilýär. Olaryň hatarynda «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Söwda işi hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Halkara täjirçilik arbitražy hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda», «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryny görkezmek bolar. Bu kanunçylyk namalar

Hyz­mat­daş­lyk

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry S.Ata­ýew Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Po­wolž­ýe döw­let be­den­ter­bi­ýe, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­ne ba­ryp gör­di.

Işewürlik. Netijelilik. Ynanyşmak

Häzirki wagtda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli alyp barmak arkaly Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar, şol sanda abraýly kompaniýalar bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy okgunly işjeňleşdirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä belli iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. DOSTLUKLY GATNAŞYKLAR IŞJEŇLEŞDIRILÝÄR

Türkmen-german dialogy: tagallalary milli we sebit bähbitlerine gönükdirip

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýä üçin açykdyr. Biziň ýurdumyz dünýäniň islendik gyzyklanma bildirýän döwleti bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady taýdan iň kuwwatly ýurdy hasaplanýan Germaniýa bilen hyzmatdaşlyga hem aýratyn orun degişlidir. Geçen 32 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen-german gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdürilip, häzirki wagtda ony has-da çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýär. Biz hem Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd HAÝNS bilen gürrüňdeş bolup, hyzmatdaşlyk ýyllarynda toplanan tejribeler, onuň geljekki maksat-meýilleri barada söhbet etdik. — Jenap Bernd Haýns, siz bir aýdan gowrak ozal GFR-iň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenildiňiz we hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdyňyz. Sizi jogapkärli wezipede işe başlamagyňyz bilen gutlap, söhbedimiziň başynda okyjylarymyza özüňiz barada gysgaça gürrüň bermegiňizi haýyş edýäris.

Sarash serhedinden demir ýol arkaly 1 million tonnadan gowrak ýük daşaldy

2024-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda Sarash serhedi arkaly 1 million 50 müň tonna haryt daşaldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30% köpdür. Bu barada “IRNA” ýazýar. Sarahs demir ýol serhedindäki umumy daşary söwdanyň 600 müň metrik tonna golaýy harytlaryň serhetara görnüşine degişlidir. Bu bolsa degişli döwürden 55% ýokarydyr diýip, Horasan welaýat demir ýolunyň baş müdiri Mostafa Nasiri habar berdi. Şeýle hem, 526 müň metrik tonna serhetara ýükleriň Türkmenistandan eksport edilýän ýüklere degişlidigini aýtdy. Bu Sarahs — Bender-Abbas demir ýol geçelgesinde üstaşyr ýük gatnawynyň 78%-ini emele getirýär.

Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda geçirilen World Smart City Expo sergisinde tanyşdyryldy

Arkadag şäheriniň diwarlygy 3-nji sentýabrda Koreýa Respublikasynyň Goýan şäherinde açylan World Smart City Expo-2024 Halkara sergisinde görkezildi. Türkmenistanyň wekilýeti serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Koreýadaky ilçihanasynyň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň «2024 World Smart City Expo» atly akylly şäherleriň sergisine gatnaşýar

Türkmenistan wekiliýeti 2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän «2024 World Smart City Expo» atly akylly şäherleriň halkara sergisiniň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu sergide türkmen tarapy akylly Arkadag şäherine bagyşlanan – onuň mümkinçilikleri we aýratynlyklary bilen tanyşdyrýan pawiliony bilen çykyş etdi.

Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda 3 baýraga mynasyp boldy

“Akylly” Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän «2024 World Smart City Expo» atly akylly şäherleriň halkara sergisiniň baýrak gowşuryş dabarasynda 3 sany baýraga  mynasyp boldy. Baýraklar sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan daşary ýurt we milli şäherlere hem-de kompaniýalara berildi. Akylly Arkadag şäherine bu dabara gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup baýraklaryň gowşurylmagy aýratyn bellärliklidir. Şunlukda türkmen tarapy şu aşakdaky 3 baýrak bilen sylaglandy:

Goňşy — goňşynyň köňül nagşy

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň goňşy Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş sapary söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde örän möhüm taryhy wakadyr. Esasy strategik hyzmatdaşlarymyzyň biri bolan Eýranyň döwlet ýolbaşçylary bilen geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda goňşuçylyk gatnaşyklarynyň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Serhetdeş goňşymyz we dostlukly döwletleriň biri Eýran Yslam Respublikasydyr. Türkmenistanyň her daban ýeriniň taryhyň möhüm sahypalaryndan habar berşi ýaly, goňşy toprak hem türkmen taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly köp sanly ýerleri, syýahatçylyk merkezlerini özünde jemleýär.

Sergide — ukrain öwüşginleri

29-njy awgustda açylan, dostlukly halkyň milli lybaslaryny, medeniýetini we keşdeçilik sungatyny şöhlelendirýän «Ukraina we ukrainler» ady bilen geçirilýän sergi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynda uly gyzyklanma döredýär. Sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Ukrainanyň ilçihanasy tarapyndan guralýar. Türkmen-ukrain gatnaşyklary Garaşsyzlyk ýyllarynda has hem berkedi. Ukrainanyň her ýylyň 26-njy sentýabrynda bellenilip geçilýän Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanan bu sergi bolsa ony has-da baýlaşdyrar. Bu ýerde milli lybaslardaky ukrainleriň baýramçylyk pursatlaryndan we gündelik durmuşyndan gürrüň berýän, XIX asyryň ahyrlaryna XX asyryň başlaryna degişli seýrek duş gelýän suratlar ýerleşdirilipdir. Suratlaryň ählisi «Iwan Gonçaryň muzeýi» halk medeni milli merkeziniň arhiw gorundan alnan. Bu muzeý dostlukly ýurduň medeni mirasyna degişli gymmatlyklary toplamak, saklamak, öwrenmek we ýaýratmak, şeýle hem wagyz etmek bilen meşgullanýan öňdebaryjy medeni-sungat edarasydyr.