Türkmenistan bilen IRU ulag baglanyşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny kesgitlediler

9 Sentýabr 2024
14

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanylyp Aşgabat şäherinde noýabr aýynda geçiriljek halkara maslahatynyň taýýarlyk işleri barada maslahatlaşdylar.

Anna güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen IRU arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňaýly tejribesini belläp, multimodal üstaşyr geçelgelerini we halkara logistika merkezlerini ösdürmek hem-de ulag pudagynyň sanlylaşdyrylmagy arkaly ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşygy gowulandyrmak boýunça hereketleri kesgitlediler.

Beýleki habarlar