Türkmenistanyň maýa goýum forumy we ugurdaş sergisi öz işine başlady

10 Sentýabr 2024
8

2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy we onuň çäklerinde ugurdaş sergi geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryndaky, şol sanda ulag-kommunikasiýa ulgamynda baý maýa goýum mümkinçiliklere bagyşlanyp geçiriljek foruma dünýäniň dürli döwletlerinden ýüzlerçe wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýurdumyzda guralýan iri halkara maslahatyna türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Halkara çäresiniň resmi açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Beýleki habarlar