Parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine sport diplomatiýasyny ilerledip

10 Sentýabr 2024
46

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, çar ýandan gelip gowuşýan hoş habarlar ildeşlerimiziň berkarar Watanymyza söýgüsini, buýsanjyny has-da artdyryp, belent maksatlara, täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Geçen hepdäniň ahyrynda Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde abraýly baýraklaryň 3-sine mynasyp bolup, halkara derejedäki ornuny beýgeltse, BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigini tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystanda geçirilýän Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem bu wakalaryň üstüni ýetirip, sport arkaly ählumumy parahatçylygy, döwletlerdir halklaryň arasynda dostlugy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. 10-njy sentýabrda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasy öz işine başlaýar. Bitarap Türkmenistan bu ähmiýetli syýasy foruma-da öz ileri tutýan garaýyşlary, täze teklipdir başlangyçlary bilen ýokary taýýarlykly geldi.

BMG-niň meýdançasyndaky syýasy üstünlikler

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar