Türkmenistan — ykdysady mümkinçilikleriň ýurdy

11 Sentýabr 2024
49

Bu hakykat paýtagtymyzda geçirilýän iri forumyň mysalynda-da aýdyň açylýar

Habar berlişi ýaly, düýn paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat hem-de ugurdaş sergiler öz işine başlady. Ýerli we daşary ýurtly gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi bu çäreleriň Diýarymyzy senagat taýdan ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmakda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge maýa goýumlary çekmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary kesgitlemekde, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekde möhüm meýdança öwrülendigine şaýatlyk edýär. Bu barada maýa goýum forumyna gatnaşan hormatly myhmanlaryň käbirleri, ine, şeýle gürrüň berýärler:

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar