Halkara giňişlikde

10 Sentýabr 2024
34

Maksat — hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek

Stokgolmda geçirilen türkmen-şwed syýasy geňeşmelerinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, şwed tarapyna Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň başlygy T.Tiberg ýolbaşçylyk etdi. Onda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmegiň, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmegiň wajypdygy nygtaldy. Türkmen tarapy Şwesiýanyň wekiliýetini ýurdumyzda guralýan dürli çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

«TÜRKMENISTAN»
Beýleki habarlar