"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halkyň islegli harytlary

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmeklige berýän çäksiz kömek-goldawlaryndan ýerlikli peýdalanmak bilen öz işini döwrebap derejede alyp barýan hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri biziň welaýatymyzyň çäklerinde-de az däl. Olar önümçiligiň, halkymyza dürli ugurlar boýunça hyzmat etmegiň has netijeli usullaryna daýanyp, oňat görkezijileri gazanýarlar. Daşoguz şäherinde hereket edýän «Ýunus-Atabek» hususy kärhanasy hem bu babatda öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiler üçin döreden oňaýly şertleriniň netijesinde 2010-njy ýylda işe girizilen bu hususy kärhanada ýaşaýyş jaýlary üçin niýetlenilen penjire-gapylar, derwezeler, diwar mebelleri hem-de ýumşak mebeller öndürilýär.

Işewürleriň azyk bolçulygyna goşandy

Telekeçi. Bary-ýogy ýekeje jümleden ybarat bu sözi eşideniňde, ilki bilen, gursagy hyjuwdan doly, dogumly, işbaşarjaň, döwletimizde döredilýän amatly mümkinçiliklerden we şertlerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmak üçin ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrman, döredijilikli zähmet çekýän adam göz öňüňe gelýär. Şeýle adamlar bolsa, bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde näçe diýseň bar. Olaryň bir toparynyň Mary welaýatynda ýaşap, işläp, haryt bolçulygynyň has-da pugtalanmagy ugrunda yhlasyny görkezýändikleri bolsa bellärliklidir. Şeýle hususyýetçileriň ýüzlerçesiniň obasenagat pudagynyň işiniň ilerlemegine, oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine ýardam edýändiklerini guwanç bilen aýdasymyz gelýär. Elbetde, öz öndürýän ýokary hilli önümleri bilen köpçüligiň uly hormatyna mynasyp bolanlar hakynda aýdara-diýere zat kän. Ýöne olaryň ählisi barada bir makalanyň çäginde giňişleýin gürrüň etmegiň mümkin däldigi hemmelere mälim hakykat. Emma «Dile geldi — bile geldi» diýlişi ýaly, sözümiziň guraksy bolmazlygy üçin önüm bolçulygyny döretmekde nusga alarlyk iş bitirýän hususy kärhanalaryň käbiriniň atlaryny agzap geçmek hem artykmaçlyk etmese gerek. «Täze Aý» haryt nyşanly önümçilik birleşigi. Eti, süýdi gaýtadan işleýän hem-de köke-süýji önümlerini öndürýän kärhanalardan ybarat bu birleşik öz öndürýän önümleri bilen diňe

Berekede beslenen gadamlar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň, ýumurtganyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylda kabul eden Karary ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek üçin uly ähmiýetli çözgütleriň biri boldy. Çünki soňky ýyllarda ýerli telekeçilerimiziň arasynda telekeçiligiň girdejili pudagy hökmünde guşçulyga bolan gyzyklanma has-da artýar. Netijede, guş etini we ýumurtga önümçiligini ýola goýýan telekeçileriň döreden hususy hojalyklary hereket edip, olar içerki bazarlary bu peýdaly azyk önümleri bilen doly üpjün edýärler. Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Magtymguly» daýhan birleşiginiň çäginde 4 gektar meýdany tutýan guşçulyk toplumyny esaslandyryjy Hojamyrat Hojanyýazow hem bar. Türkmen halkynyň asyrlara barabar köpýyllyk tejribesinden gelip çykan we nesilden-nesle geçirilip gelnen hem-de ýedi hazynanyň biri hasaplanýan towuga ideg etmek bilen meşgullanýan Hojamyrat Hojanyýazow öz guşçulyk toplumyny 2015-nji ýylda esaslandyrdy.

Polatdan ýasalýan tekje ulgamlary

Türkmenistanda metal önümleri öndürýän «Eyyam Group» hususy kärhanasy dürli maksatly tekje ulgamlaryny hödürleýär. Sowuk urgy usulynda polatdan ýasalan we reňk tozy bilen reňklemek usulynda taýýarlanan berk, metal tekjeler dürli zatlary, hatda agyr zatlary-da saklamaga ukyply. Olar söwda nokatlarynda, ammarlarda, ussahanalarda, kärhanalarda, kitaphanalarda we resminama şkaflarynda (kartotekalarda) peýdalanylýar.

«Parahat» hususy kärhanasy 30 ýaşaýar

30 ýaşy mynasybetli, kärhana täze — «Ýegana» haryt nyşanly şokolad önümçiligine başlady. Araňyzda şokolady halamaýanyňyz-a ýok bolsa gerek. Onda-da gyş günlerinde gyzgynja kofe bilen fundukly, hozly, pisseli şokolady kim halamaz. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, şokolad ýürege düşýän agramy azaldýar, myşsalary we nerw ulgamyny pugtalandyrýar, şeýle-de, gartaňlyk ýaşa ýetilende, akyl näsazlyklarynyň döremeginiň öňüni alýar. Bular subut edilen hakykat. Çünki, şokoladyň düzüminde magniý, kaliý, kalsiý, demir, B witamini bar. Mundan başga-da, onda deriniň çeýe hem-de ýylmanak bolmagyna ýardam berýän flawonoidler köp. Ine, şokoladyň peýdaly taraplarynyň käbirleri. Indi bolsa gürrüňi «Parahat» hususy kärhanasynyň täze önümi — «Ýegana» barada dowam edeliň.

Siz diňe iň gowusyna mynasyp!

Her lybasyň öz döreýiş taryhynyň bolşy ýaly, şol lybasy geýen günleriňem süýji ýatlamalary bolýar. Bu barada dünýä belli modaçylaryň biri: «Toý lybasyny saýlanyňyzda, egniňize däl-de, göwnüňize laýygyny saýlaň. Sebäbi siz diňe lybasy saýlamak däl, ömrüňizde gaýtalanmajak hem ýatdan çykmajak pursady döredýändigiňizi unutmaň» diýýär. Bagtyýar günlerimizde «Mynasyp» hususy modalar öýüniň döredýän owadan lybaslary gelin-gyzlarymyzy bezese, olary geýen zenanlarymyz toýlarymyzy bezeýär. Biz özboluşly, döwrebap biçüwli geýimleri bilen tapawutlanýan, diňe bir öz halkymyzda däl, eýsem, goňşy halklarda-da tanalýan meşhur «Mynasyp» modalar öýüniň iş dolandyryjysy Dildara Jumabaýewa bilen söhbetdeş bolduk. — Dildara gelneje, amerikan-fransuz modasynyň waspçysy bolan «Harper’s Bazaar» modalar žurnalynyň redaktory Diana Wriländ: «Moda edil howa ýaly, hemişe üýtgeýär. Lybaslarda döwrüň ösüşini görmek bolýar. Egin-eşigiň üsti bilen ähli duýgyny berip, görüp hem duýup bolýar» diýýär. Hakykatdan-da, lybaslarda her döwrüň özboluşly aýratynlygy bar. Moda adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň tizleşýän döwründe özüňi çalt tanatmagyň dilidir. Sizem özboluşly lybaslaryňyz bilen az salymyň içinde halk arasynda abraý gazandyňyz. Kiçijik iňňäniň ujundan başlanan, türkmen modasynyň döwrebap merkezine öwrülen «Mynasyp» modalar we tikinçilik öýüňiziň ilkinji ädimleri dogrusynda gürrüňe başlaý

«Täç Hil»: sanawymyza täze önüm — «titi» goşuldy

Özüniň köpýyllyk tejribesi hem-de ýokary hilli önümleri bilen tanalýan «Täç Hil» hususy kärhanasy geçen hepde «titi» haryt nyşanly aýna arassalaýjy serişdeleriň önümçiligine başlady. Kärhananyň ýokary hilli bu önümi hojalykda gündelik ulanylýan arassaçylyk serişdeleriniň öňdäki hatarynda boljakdygy ikuçsuzdyr. Çünki «titi» haryt nyşanly ýokary hilli aýna arassalaýjy amatly bahalardan hödürlenýär. Şeýle-de, täze önümi gelin-gyzlarymyz egin-eşik ütüklänlerinde çyglandyrmak üçin hem ulanyp bilerler. «titi» aýna arassalaýjy beýleki meňzeş önümlerden hapalary aňsatlyk bilen aýyrmagy, yz (çyrşak) galdyrmaýanlygy, şeýle-de, gorag gatlagy emele getirip, birnäçe wagtyň dowamynda tozanlaryň typyp gaçmagyna ýardam berýändigi bilen tapawutlanýar.

Gyş ýapynjaňy goýma...

“Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz” diýleni-dä. Ýanwaryň aňzakly günlerinden soň, süňňümize ýylylyk aralaşan ýaly boldy welin, ynha, bu gün ýene-de asmanyň ak nury dökülip, howa sowaýdy. Gazaba münse, kiçi çille-de uly çilleden geçiräýýän eken. Diýmek, gyş ýapynjamyzy ýanymyzdan goýmaga, ýyly eşiklerimizi ýygşyrmaga entek wagt bar. Belki-de, täzesini edinesimiz geler. Şu wagt söwda merkezlerine, dükanlara aýlansaň, olary saýlap-seçip almaga mümkinçilig-ä kän. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri hem gyş eşiklerini taýýarlamaga ökdelediler. Söwda tekjelerini bezeýän “Röwşen”, “MB shoes”, “Gerçek”, “Şir deri”, “Runotex” haryt nyşanly içi petli köwüşlerden, “Akar”, “Nepis” haryt nyşanly galyň joraplardan, “Täze saraý” hojalyk jemgyýetiniň, “Yhlasly tikinçi” hususy kärhanasynyň, telekeçi Yhtyýar Rozmetowyň ýolbaşçylygyndaky tikinçilik öýüniň hünärmenleriniň we başga-da onlarça telekeçileriň tikip taýýarlaýan ýyly egin-eşiklerinden halanyňy saýlap alyber. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndan telekeçi Şamyrat Mämmedowyň nah ýüplüklerden taýýarlaýan elliklerini hem elýeterli bahadan satyn alyp bolýar. “Gujurly el” haryt nyşany bilen halkymyza hödürlenýän ellikleriň aýda 50 jübüdi taýýarlanylýar.

Zähmet iş orunlary hödürlenildi

Düýn — 7-nji fewralda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komitetiniň we Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň bilelikde guramagynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda zähmet iş orunlaryny hödürlemek çäresi geçirildi. Bu çärede isleg bildirýänlere paýtagtymyzdaky kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň çägindäki zähmet iş orunlary hödürlenildi.

Mebel dünýäsine syýahat

Hakykatdan-da, ýoluň düşüp, mebel dükanyna girseň, mebel dünýäsine aralaşan ýaly bolýarsyň. Töweregiňi gurşap alan, görnüşleri boýunça-da, dizaýny babatda ýa-da reňkleriniň sazlaşygynda-da biri-birini gaýtalamaýan dürli mebellerden gözüňi aýryp bilmeýärsiň. Şol pursat owadan mebelleriň birini myhman otagyňda, ýene birini aşhanaňda göz öňüňe getirersiň. Girelgäňdäki mebeli hem täzeläsiň gelip, oňa gelşäýjek zamanabap mebeliň ýanynda ep-esli eglenersiň. Çünki häzirki zaman mebelleriniň owadan dizaýny, milli bezegi, reňkleriniň dürli-dürlüligi, rahatlygy özüne çekýär. Şeýle mebelleriň öz ýurdumyzda, türkmen işewürleri tarapyndan öndürilmegi bolsa olaryň ekologik taýdan arassalygyndan nyşandyr. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýörite Mebel toplumynyň açylmagy bu ugurdan iş alyp barýan telekeçiler üçin giň mümkinçilikleri döretdi. Uzaboýuna ýerleşýän hususy mebel kärhanalarynyň her birinde çig maly gaýtadan işläp, mebelleriň dürli görnüşini ýasamak üçin ähli şertler hem-de mümkinçilikler bar. Tejribeli telekeçi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Şemşat Aşyralyýewanyň ýolbaşçylygyndaky «Çigildem» mebel kärhanasynyň önümhanasy hem bu toplumda ýerleşýär. Önümhana Germaniýa, Italiýa, Türkiýe döwletlerinden getirilen ýokary öndürijilikli tehnologiýalar ornaşdyrylypdyr. Ýeri gelende, bu hususy kärhana tarapyndan ýurdumyzda ilkinji bo

«Parasatly zaman» hususy kärhanasynyň «Noş» haryt nyşanly önümlerine isleg köp

Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary esasynda, hususy pudagyň wekilleri özleri üçin döredilip berilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary boýunça täze-täze önümçilikleri yzygiderli işe girizýärler. Döwlet Baştutanymyzyň kiçi, orta we iri telekeçiligi goldamak babatda amala aşyrýan asylly başlangyçlaryndan, durmuşa geçirýän giň gerimli işlerinden ruhlanyp, milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşýan telekeçiler iş depginlerini gowşatmaýarlar. Şu asylly işlere jogap edip, tutanýerli zähmet çekýän Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Ýarajy obasynda ýerleşýän «Noş» haryt nyşanly önümleriň eýesi «Parasatly zaman» hususy kärhanasynda alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Rüstem Allanazarowa degişli «Parasatly zaman» hususy kärhanasynyň esasy maksady, bazarlarymyzy gök-bakja ekinlerinden hem-de miwelerden taýýarlanylan gaplanan önümler bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Kärhanada pomidor goýultmasy, üwmeç, pomidor şiresidir we dürli miwe şerbetleriniň umumylykda 12 görnüşi öndürilýär. Taýýarlanylýan pomidor goýultmasy ýörite demir gaplara, marinada ýatyrylan pomidordyr hyýar, ajika, ajy we süýji üwmeçler, pomidor şiresi aýna hem-de plastik gaplara gaplanyp, «Noş» haryt nyşany bilen bazarlara ugradylýar. Ýokary mümkinçilikler döredilen kä

Telekeçilige — giň ýol!

Üstünlikli menziller Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen tutumly işleriň bady artýar. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ykdysady, syýasy, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen giň möçberli wezipeleri amala aşyrmakda tutumly işleriň gerimi giňeýär.

Islegli önümler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda, ak bazarlarda we söwda nokatlarynda ýerli önümleriň agdyklyk etmeginde türkmen telekeçileriniň mynasyp orny bardyr. Olar döwlet Baştutanymyzyň ýurtda hususy ulgamy ösdürmekdäki döwletli başlangyçlaryndan ruhlanyp, täze önümçilikleri açmakda, halkyň gündelik sarp edýän azyklyk we senagat önümlerini öndürmekde ýokary işjeňlik görkezýärler. Şeýle hususyýetçileriň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Samandar Mustafakulowyň alyp barýan işleri-de bellärliklidir. Hususyýetçi Kerki şäherindäki kiçi kärhanasynda indi on ýyldan bäri «Awaza», «Hazar», «Daşrabat» ýaly ýurdumyzda meşhur haryt nyşanly gaýnadylan, kakadylan we ýarym kakadylan şöhlat önümlerini öndürip gelýär. Şöhlat önümçiligi et kabul ediji, sowadyjy, taýýarlaýjydyr gaplaýjy we barlaghana bölümlerinden ybarat. Olarda Russiýa Federasiýasynda öndürilen ýokary hilli et dograýjydyr garyjy, üweýji, mal süňküni kesiji we beýleki zerur enjamlar bökdençsiz işledilýär. Doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan önümçilikde 10-a golaý işçi-hünärmeniň zähmeti bilen, datly şöhlat önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhanada geçen ýyl şöhladyň 6 tonnadan gowragy taýýarlanyp, içerki bazarlara ugradyldy. Ýokary hil derejesini we geçginliligi gazanmagy baş maksat edinýän hususyýetçi Samanda

Zähmet çekseň, bereket ýagar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Obasenagat toplumy we balykçylyk müdirliginiň başlygy Şamyrat Herremow bilen söhbetdeşlik. Täze ýyla gadam basyldy. Şunda hökman «geçilen ýola, ýetilen sepgide» — nazar aýlanýar. Sebäbi, öňdäki amal edilmeli işler bitirilen işlerden badalga alýar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde bolsa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bitirýän işleri tüýs «Tüweleme!» diýerlik.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 3-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan we Türkiýeden gelen telekeçiler Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 883 müň 475 dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdesine Hindistandan gelen işewürler Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen, jemi bahasy 1 million 684 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýokary hil, ygtybarlylyk, döwrebaplyk

Hususy pudagyň çalt depginler bilen ösýän häzirki döwründe türkmen telekeçileriniň işlemekleri, döretmekleri, dürli harytlary öndürip, olary içerki hem daşarky bazarlara çykarmaklary ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş ýagdaýlary göz öňünde tutulandyr. Bu günki gün türkmen işewürleri iri gurluşyklara-da batyrgaý gatnaşýarlar. Dürli görnüşli, ilhalar harytlary öndürip, bazar bolçulygyna goşant goşýarlar. Bu asylly işlerde «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň hem saldamly goşandy bar. «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti 2009-njy ýyldan bäri hereket edýär. Şu döwrüň içinde kärhana dürli binalardyr desgalary gurup, şäher gurluşygy boýunça baý tejribe toplady. Şunda bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilip, halkyň hyzmatyna berlen desgalaryň käbirini mysal getirsek, maksadalaýyk bolar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Şol awtomenzilleriň gurluşygy bolsa «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetine ynanyldy. Awtomenzilleriň her biri bir gije-gündiziň dowamynda 700 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Aşgabat — Daşoguz awto

Baldan datly täze önümler

Ýo­ka­ry hil­li önü­mi ön­dür­mek­de il­kin­ji bas­gan­çak, şo­ko­lad­ly, süý­jü­lik önüm­le­riň gyz­gyn­lyk hem-de so­wat­ma tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň saz­la­nyl­ma­gy­dyr. «Ak na­bat» ha­ryt ny­şan­ly kon­di­ter önüm­le­ri ön­dür­ýän hu­su­sy kär­ha­na bu ugur­da jo­gap­kär­li iş alyp bar­ýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hususyýetçilere berýän giň goldawynyň netijesinde, importyň ornuny tutýan ýokary hilli konditer önümlerini öndürýän hususy taraplaryň sany barha artýar. Telekeçilerimiz tarapyndan öndürilýän önümlerimizi ýurduň içerki we daşarky bazarlaryna çykarmaga bolan ägirt uly mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa döwletimiziň söwda dolanyşygyny ösdürmäge hem-de giňeltmäge ymykly täsir edýär. Şeýle ýokary hilli önümleri halkymyza ýetirýän kärhanalaryň biri-de Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ak nabat» haryt nyşanly önümleri öndürýän hususy kärhanasydyr. Telekeçi Aknabat Nurmämmedowanyň ýolbaşçylygynda bu ýerde dürli görnüşli konditer önümlerini öndürmek boýunça onlarça iş alnyp barylýar.

«Akja telpek başynda»...

Her gezek bazarlara aýlananyňda, tekjelere aýratyn bezeg berýän, «başlary akja telpekli» gelin kömeleklerinde nazaryň eglenýär. Çünki olaryň ýanyndan biparh geçip bolmaýar. Bu täsin iýmit owadan harytlyk görnüşi hem-de hoşboý ysy bilen özüne çekýär. Onuň tagamyny diýsene! Kömelekden taýýarlanylýan işleklidir gutabyň, dürli işdäaçarlaryň tagamy bir başga. Hut şonuň üçin-de, ol mydama islegli, müşderisi-de ýeterlik. Türkmen telekeçileriniň yhlasly zähmeti bilen bazarlardan, söwda dükanlaryndan akja kömelekleri ýylyň ähli paslynda satyn almak bolýar. Olar dünýäniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan döwrebap ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýär. Telekeçi Babasadyk Çüriýewiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki, «Altyn nur zamany» hususy kärhanasynyň Balkanabat şäherindäki, «Ter kömelek» hojalyk jemgyýetiniň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky, «Tiz hyzmat» hususy kärhanasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýyladyşhanalarynda we başga-da hususy işewürleriň onlarçasy tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän kömelekler halkymyzyň bereketli saçaklaryny bezeýär.

Öňdebaryjy kärhanada

Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn bürgüt» kiçi kärhanasynyň ýyladyşhana toplumynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanşanyňda, işleriň göwnejaý guralandygynyň şaýady bolýarsyň. Baýram Jumaýewiň ýolbaşçylyk edýän bu toplumy 6 sany ýyladyşhanadan ybarat bolup, olaryň her biri 1,3 gektar meýdany eýeleýär. Bu ýerde pomidoryň «Marmelans» görnüşiniň jemi 200 müň şitili oturdylyp, olardan 2 müň tonna pomidor hasyly alynýar. Öndürilen önümler Alyjylar jemgyýetiniň we telekeçiler birleşmesiniň üsti bilen söwda merkezlerine, ak bazarlara çykarylýar. Artykmaç önümler ýörite sowadyjyly döwrebap awtoulaglar bilen Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana ugradylýar.

«Cvdent» — sadap dişleriň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hususy telekeçiligi goldamak boýunça tagallalaryndan ruhlanýan türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürmekde uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň üçin hususyýetçiler tarapyndan täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikler özleşdirilip, ýokary hilli önümleriň öndürilişi ýola goýulýar. Şeýle hususy düzümleriň biri-de, telekeçi Nazar Ýazgylyjowyň esaslandyran «Täze saba» hojalyk jemgyýetidir. Hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginiň çäginde ýerleşýän kärhanasynda gündelik durmuşda ulanylýan möhüm arassaçylyk serişdesi bolan diş arassalaýjy çotgalaryň önümçiligi alnyp barylýar. Şeýle önümçilik üçin telekeçilere çylşyrymly tehnikalary özleşdirip, ençeme täzelikleri işe girizmek, dürli tehnologik düzümleriň sazlaşygyny üpjün etmek gerek bolýar.