Islegli önümler

31 Ýanwar 2023
844

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda, ak bazarlarda we söwda nokatlarynda ýerli önümleriň agdyklyk etmeginde türkmen telekeçileriniň mynasyp orny bardyr. Olar döwlet Baştutanymyzyň ýurtda hususy ulgamy ösdürmekdäki döwletli başlangyçlaryndan ruhlanyp, täze önümçilikleri açmakda, halkyň gündelik sarp edýän azyklyk we senagat önümlerini öndürmekde ýokary işjeňlik görkezýärler. Şeýle hususyýetçileriň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Samandar Mustafakulowyň alyp barýan işleri-de bellärliklidir.

Hususyýetçi Kerki şäherindäki kiçi kärhanasynda indi on ýyldan bäri «Awaza», «Hazar», «Daşrabat» ýaly ýurdumyzda meşhur haryt nyşanly gaýnadylan, kakadylan we ýarym kakadylan şöhlat önümlerini öndürip gelýär. Şöhlat önümçiligi et kabul ediji, sowadyjy, taýýarlaýjydyr gaplaýjy we barlaghana bölümlerinden ybarat. Olarda Russiýa Federasiýasynda öndürilen ýokary hilli et dograýjydyr garyjy, üweýji, mal süňküni kesiji we beýleki zerur enjamlar bökdençsiz işledilýär. Doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan önümçilikde 10-a golaý işçi-hünärmeniň zähmeti bilen, datly şöhlat önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhanada geçen ýyl şöhladyň 6 tonnadan gowragy taýýarlanyp, içerki bazarlara ugradyldy. Ýokary hil derejesini we geçginliligi gazanmagy baş maksat edinýän hususyýetçi Samandar Mustafakulow alyp barýan işleri barada şeýle gürrüň berýär:

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar